Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlere giň seslenme döredýär

2064516
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Fidan: Gyssagly ýaraşyk baglaşylmaly" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Daşary işler ministri Hakan Fidanyň, BMG-nyň Ýakyn Gündogar Parahatçylyk tapgyrynyň ýörite koordinatory Tor Wennesland bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde, Gazada başdan geçirilýänleriň iki döwletli çözgüdi durmuşa geçirmegiň hökmanydygyny, subut etjek häsýetindäki wakalardygyny belläp: "Gyssagly ýaraşyk baglaşylmaly. Ondan soň bolsa hemişelik we adalatly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin işe girişmeli" diýendigini habar berýär. 

Star gazedi: "Türkiye Gaza üçin işe girişdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Gazalylar üçin işe girişendigini mälim edýär. Saglygy goraýyş ministrliginiň wekiliýeti hem Refah gümrük geçelgesine golaý bir ýerde göçme hassahanasynyň gurulmagyna başlady hem-de Palestinada göçme hassahanasynyň gurluşygynyň başlanmagy üçin başlangyçlar edýär. 

Haber Türk gazedi: "Erdoganyň Ahyska türkleri bilen bagly ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň Ahyska türkleriniň öz topraklaryndan sürgün edilmekleriniň 79-njy ýyly bilen bagly ýüzlenme çap edendigini beýan edýär. Prezident Erdogan sosial media hasabyndan çap eden ýüzlenmesinde: "Ahyska türkleriniň öz topraklaryndan sürgün edilmekleriniň 79-njy ýylyny gynanç bilen hatyralap geçýärin, bu zulumda ýogalan takmynan 20 müň doganymyza Alladan rehnet dileýärin. Ahyska türk doganlarymyzyň hukuklaryny her bir platformada goramaga dowam ederis" diýip belledi. 

Hürriýet gazedi: "TB3 6-njy synagyny üstünlikli ýagdaýda tamamlady" söz başyly habarynda, Baýkar Dolanşyk geňeşiniň başlygy Selçuk Baýraktaryň ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB3-iň 6-njy synag uçuşyny üstünlikli ýagdaýda tamamlandygyny aýdandygyny aýan eetdi. 

Sabah gazedi: "Türkiyäniň täze miwe gök önümleriniň eksporty 3 milliard dollara golaýlady" söz başyly habarynda, Ortaýer deňiz täze miwe gök önümleri eksportçylar bileleşiginiň başlygy Ferhat Gürüziň, Türkiyäniň oktýabr aýynda ýurt derejesinde täze miwe gök önümleriniň eksportynyň 2022-nji ýylyň oktýabr aýyna garanyňda 31 göterimlik artyş bilen 314 million dollara ýetendigini belläp, ýanwar-oktýabr aýlary aralygynda täze miwe gök önümleriniň eksportynyň 2,6 milliard dollardan geçendigini aýdandygyny habar berýär. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar