Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlere giň seslenme döredýär.

2064008
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Erdoganyň Palestina diplomatiýasy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň 17-nji noýabrda anna güni Germaniýa resmi sapar gurajakdygyny ýazýar. Germaniýanyň Federal Kansleri Olaf Şols bilen duşuşjak Erdogan geçirjek duşuşyklarynda Ysraýylyň Palestinada edýän zulumyny gün tertibine getirer we Ysraýylyň hüjümleri meselesinde dymmagy saýlap alan Ýewropa ýurtlaryna Berlinden güýçli ýüzlenme berer.

“Hürriýet” gazeti, “Afini bilen Ankaranyň arasynda dostluk ylalaşygy” söz başyly habarynda, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň kadalaşmagy üçin tagalla edilýändigini mälim edýär. Düýn Ankarada 3 ýyl soň ilkinji maşlahat geçirildi. Türkiýäniň we Gresiýanyň Goranmak ministrlikleriniň arasynda 4-nji Ynamy artdyjyry çäreler maslahaty geçirildi.

“Watan” gazeti, “AKSUNGUR SİHA-da ýene-de bir üstünlik” söz başyly habarynda, Türkiýäniň koskos we emeli hemra senagaty pudagynda iş alyp barýan TUSAŞ firmasy tarapyndan ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen Aksungur ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň ýerli hereketlendiriji TEI-PD170 bilen 30 müň fut belentlige ýetendigini habar berýär.

“Sabah” gazeti, “Türkýe syýahatçylyk pudagynda 5-nji orny eýeleýär” söz başyly habarynda, halkara syýahatçylyk firmasy Ernst & Ýoungyň görkezijilerine görä, 2022-nji ýylda Türkiýe, Fransiýadan, İspaniýadan, ABŞ-dan, İtaliýadan soň 5-nji orny eýeländigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe, dünýäniň iň uly awiasiýa sergisine gatnaşýar” söz başyly habarynda, awiasiýa pudagynyň başda durmagynda birnäçe ugur boýunça iş alyp barýan türk firmalarynyň dünýäniň tanymal awiasiýa sergilerinden biri bolan Dubai Airshow 2023-e gatnaşýandygyny ýazýar. Birleşen Arap Emirlikleriniň Dubaý şäherinde geçirilýän sergä 95 ýurtdan 1400-den gowrak firma gatnaşýar.



Degişli Habarlar