Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2062227
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdoganyň Garabag boýunça ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Garabag ýeňişiniň 3-nji ýyllygy mynasybetli çap eden gutlag ýüzlenmesinde, doganlyk Azerbaýjanyň 8-nji noýabr Ýeňiş gününi gyzgyn gutlaýandygyny nygtap; “Garabag, Azerbaýjana degişlidir we enşalla kyýamada çenli hem şeýle bolar” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “TBMM ähli ýurtlaryň parlamentlerine “Palestina” haty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Adalat komissiýasynyň Başlygy Jüneýt Ýükseliň ähli ýurtlaryň parlamentleriniň adalat we  hukuk komissiýalarynyň başlyklaryna “Palestinada hüjümleriň bes edilmegi hem-de durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin halkara tagalla edilmegi” üçin çagyryş hatyny ugradandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Awtoulag senagaty 3,1 milliard dollarlyk eksport etdi” söz başyly habarynda, awtoulag pudagynyň oktýabr aýyna degişli görkezijileriniň çap edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Jemi 3,1 milliard dollarlyk eksport bilen şu günki güne çenli okýabr aýynda edilen iň ýokary mukdara ýetildi.

“Watan” gazeti “ “GÖKBEÝ” möhüm tapgyrlardan ýene-de birini geçdi” söz başyly habarynda, türk inženerleri tarapyndan dizaýn edilen “GÖKBEÝ” dik uçarynyň ýene-de iki synagy üstünlik bilen tamamlandygyny ýazýar. 20 müň fit belentlikde uçuş edip, maksimum gulluk belentligine ýeten “GÖKBEÝ” iki hereketlendiriji bilen edilen uçuşda bir hereketlendiriji synagyny hem üstünlik bilen geçdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Britaniýadan 3,7 million syýahatça garaşylýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahat gulluklary bileleşiginiň Başlygy Firuz Baglykaýanyň Britaniýanyň Türkiýe üçin esasy syýahatçylyk bazarlaryndan biridigini nygtap; “Türkiýe ýylyň ahyryna çenli Britaniýadan 3,7 million syýahatçyny kabul etmegi nazarda tutýarys” diýen sözlerine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar