Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2061709
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Kurtulmuş: Türkiýäniň tagallasy elmydama zalymy duruzyp, ejir çekene el uzatmak” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmuşyň Ysraýylyň Palestinada edýan gyrgynçylygyna ünsleri çekip; “Türkiýäniň tagallasy, hem zalymy duruzyp ejir çekene el uzatmak hem-de şol bir wagtda dünýäniň 3-nji söweşe gitmeginiň öňüni almaklykdyr” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Türkiýe bilen Kuweýdiň arasyndaky söwda gatnaşyklary artýar” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ömer Boladyň ýylyň 10 aýynda Türkiýäniň Kuweýde eden eksportunyň 575 million dollara, ikiataraply söwda mukdarynyň bolsa 680 million dollara barabar bolandygyny aýdandygyny ýazýar. Düýn Kuweýde resmi sapar guran ministr Bolat; “Ony özara duşuşyklar, sergiler, aluw wekiliýetleri maksatnamalary, umumy söwda wekiliýetleri we pudaklaýyn söwda wekiliýetleri maksatnamalary bilen gysga möhletde artdyrarys” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň ilkinji emele hemrasy üçin wagt kesgitlendi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli älem giňişligi maksatnamasynyň çäginde başladan “Aýy öwreniş maksatnamasy” bilen öndürilen ilkinji emele hemrasynyň 2026-njy ýylda doly tamamlanmagynyň we emeli hemranyň älem giňişligine uçurulmagynyň nazarda tutulýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýe dünýäniň sanalgyja ýurtlarynyň hatarynda” söz başyly habarynda, “Halkara tebigy gaz bileleşiginiň 2023-nji ýyl boýunça Suwklandyrylan gaz habarnamasynda berilen görkezijilere görä Türkiýe energiýa howpsuzlygynda möhüm bolan 3 sany Ýüzüji LNG ammarlaýyş we gaýtadan gazlaşdyryş desgasy bilen pudakda dünýäniň sanalgyja ýurtlaryndan biri bolandygyny we her biri 28 million m3 gazlaşdyryş ukybyna eýe bolan desgalary bilen ünsleri çekýär” diýip ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “2 aýda 358 million dollarlyk funduk eksporty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 2023-2024-nji funduk eksport ýolynyň ilkinji 2 aýynda 358 million dollarlyk eksport edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Degişli döwürde daşary ýurtlara 54,251 tonna funduk satuwy amala aşyryldy.



Degişli Habarlar