Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2059150
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Kurtulmuşyň Gaza hakyndaky çagyryşy” söz başyly habarynda, Aziýanyň Parlamentarlar Assambleýasynyň Başlygy we TBMM-niň Başlygy Numan Kurtulmuşyň Assambleýa agza ýurtlaryň parlamentleriniň başlyklaryna hat ugradyp, palestinalylara edilýän elhenç gysyşlara çuňňur nägileligini bildirendigini ýazýar. Kurtulmuş, Ýakyn Gündogarda parahatçylygyň we howpsuzlygyň ýola goýulmagy hem-de onuň dowam etdirilmegi üçin bilelikdäki syýasy jogapkarçiligiň berjaý edilmegi üçin çagyş berdi.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Fidan: ÝB gynansagam hüjümleriň bes edilmegini islemeýär” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Gazada asuda ilaty gyrgýan Ysraýylyň hüjümlerini dessine bes etmelidigini aýdandygyny ýazýar. “Ýewropa bileleşigi gynansagam hüjümleriň bes edilmegini islemeýär” diýen ministr Fidan; “Gazada zuluma bahana edilýän ähli sebäpler ortadan aýryldy” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Fidan: Ukraina üçin başga, Palestina üçin başga standart bolmaz” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ukraina we Palestina üçin başgaça çemeleşýän günbatar ýurtlaryna reaksiýa bildirendigini mälim edýäre. “Ukraina üçin başga, Palestina üçin başga standart bolmaz. Adalatly dünýä isleýän bolsak elmydama tutanýerli çemeleşilmeli” diýen Fidan, “Parahatçylygyň ýoly iki döwletli çözgütden geçýär” diýdi.

“Star” gazeti “Altunuň makalasy 8 ýurtda çap edildi” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunuň 8 ýurtda çap edilen makala ýazandygyna ünsleri çekýär. Türkiýä garşy goýulan iki standartlylygy we embargolary pursada öwürendiklerini beýan eden Altun; “Ösýän, güýçlenýän we baýlaşýan Türkiýe ýurduň içinde raýatlaryň gelejege umyt bilen garaýan, ýurduň daşynda bolsa gyzyklanýan däl, gyzyklanylýan ýurda öwrüldi” diýip ýazdy.

“Watan” gazeti “Baýraktar TB3-iň ikinji synag uçuşy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýygnalýan ganatly “TB3” ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň 4 sagat dowam eden 2-nji uçuş synagyny üstünlik bilen tamamlandygyny ýazýar. Ulag ýygnalýan ganat ulgamy bilen “TJG Anadoly” ýaly gysga gonalgaly gämilere gonup-uçma ukybyna eýe ilinji ÝUHU bolar.



Degişli Habarlar