Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2056523
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan ÝB-ne berk reaksiýa görkezdi: Hüjümleriň bes edilmegi üçin ýene-de näçe çaga ölmeli?” söz başyly habarnda, Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerine reaksiýa bildiren Prezident R.T.Erdoganyň ÝB-ne ýüzlenip; “Hüjümleriň bes edilmegi hakynda çagyryş bermek üçin ýene-de näçe tonna bomba Gaza düşmeli, ýene-de näçe çaga ölmeli?” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Türkiýe BSGG-na Gaza üçin çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň Bütin dünýä saglygy goraýyş guramasynyň Baş direktory Tedros Adhanom Gebreýesusa ýazan hatynda; “Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy öňbaşçylyk etme jogapkärçiligi bilen we gyssagly ýagdaýda degişli başlangyçlary edip, Gazada dörediljek saglyk üpjünçiliginiň howpsuzlygyny kepillendirmeli” diýip, çagyryş berendigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Türkmenistany doly agza hökmünde görmek isleýäris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda “Türki döwletleriň guramasyna synçy agza bolup durýan Türkmenistany indi maşgala mejlisimizde doly agza hökmünde görmek isleýändigimizi nygtasym gelýär” diýendigini mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Ministr Kajyr: “Biz dünýäde birinji” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mehmet Fatih Kajyryň Türkiýäniň harby uçarmansyz howa ulagynyň önümçiliginde dünýäde birinji orunda durýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Milli söweşjeň uçar “KAAN” ilkinji uçuşyna taýýarlyk görýär” söz başyly habarynda, milli söweşjeň uçar “KAAN-yň” şu ýylky ilkinji uçuşdan ozalky tapgyrlaryndan ýene-de birini üstünlik bilen tamamlandygyny mälim edýär. “KAAN” doly statiki synagynda goýulan ýükleri göterme ukyplylygyny görkezdi. Dekabr aýynyň başynda gyssagly taksi synaglaryna başlamagy nazarda tutulýan “KAAN-yň”  ilkinji uçuşy üçin degişli taýýarlyk görülýär.



Degişli Habarlar