Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2054842
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Al Jaziranyň Türkiýe hakyndaky üns çekiji analizi” söz başyly habarynda, merkezi Katarda ýerleşýän “Al Jaziranyň” Türkiýe hakynda üns çekiji analiz berendigini ýazýar. “Hem Hamas hem-de Ysraýyl bilen gatnaşyk edýän az sanly ýurtlardan biri bolan Türkiýe durnukly parahatçylyk üçin gepleşik geçirmek isleýär” diýilýän analizde, Türkiýe üçin “Dünýäniň iň çylşyrymly çaknyşyklaryndan birine durnukly çözgüt tapmak üçin potensial töwellaçy” diýip ýazdy.

“Star” gazeti “Türkiýäniň Gaza üçin kömek ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Gaza üçin ynsanperwer kömegini alyp giden uçarlaryň Müsüre barandygy hakynda beýannama beren Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň; “Milletimiziň adyndan bu borjy ýerine ýetirýändigimiz üçin buýsanýarys. Ynsanperwerlik borjumyz munuň bilen gutarmaýar, dowam edýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Fidan: Kawkazda çözgüdiň ýoly ýaraşyk şertnamasy” söz başyly habarynda, Eýranyň paýtagt Tähranda Günorta Kawkaz boýunça Sebitleýin hyzmatdaşlyk platformasynyň maslahatyna gatnaşan Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Türkiýäniň Kawkazda durnukly parahatçylygyň ýola goýulmagy üçin sebitleýin meseleleriň dialog arkaly çözülmeginiň tarapynda durýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Fidan; “Sebitleýin asudalygyň we durnuklylygyň ýoly Azerbaýjan bilen Ermenistanyň arasynda gol çekişiljek giňeldilen ýaraşyk şertnamasyndan geçýär” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Şwesiýanyň NATO agzalygy TBMM-de” söz başyly habarynda, Şwesiýanyň NATO agzalyk teswirnamasynyň Prezident R.T.Erdogan tarapyndan tassyklanyp, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň garamagyna hödürlenendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Gabarda günlük nebit önümçilik mukdary” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Nebitleri paýdarlar jemgyýetiniň Şyrnak welaýatynyň Gabar dagynda ýerleşýän nebit käninden günlük 25 müň barrel nebit öndürilýändigini beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar