Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2053398
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Gazadan çykmak üçin 695 adam isleg bildirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Ýyldyz 695 adamyň Gazadan ewakuasiýa üçin isleg bildirendigini aýdandygyny ýazýar. Ahmet Ýyldyz; “Şolaryň 322 sanysy Türkiýäniň raýaty, 214 sanysy palestinaly, 55 sanysy gullukçy we 104 sanysy DKTR-nyň raýaty” diýdi.

“Sabah1” gazeti “Milli goranmak ministrliginiň Gaza hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Ysraýylyň hüjüminden soň Palestina üçin Türkiýeden beriljek kömekler boýunça ; “Türk ýaragly güýçleri beriljek görkezmelere laýyklykda em ynsanperwer kömegi hem-de awakuasiýa boýunça işe girişmäge taýýar” diýip, beýannama berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Gaza üçin ýüzýän hassahana taýýar” söz başyly habarynda, basyp alyjy Ysraýylyň elhenç hüjümleri dowam edýärkä Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň sebite gämi hassahanasyny uğratmak üçin degişli taýýarlyklaryň görülendigini aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň Ysraýyl-Palestina teklibine ilkinji jogap Russiýadan” söz başyly habarynda, Türkiýäniň käbir ýurtlaryň Palestinanyň adyndan käbir ýurtlaryň bolsa Ysraýylyň adyndan kepillendiriji boljak täze bir usulyýet bilen düşnüşmezligi çözme teklibine Russiýanyň oňyn jogap berendigini mälim edýär. Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow Türkiýäniň Ysraýyl-Palestina çaknyşygy üçin hödürlän “kepillendiriji ýurtlar” çözgüdi hakynda pikir alyşmaga taýýardygyny aýtdy.

“Star” gazeti “İňliz metbugaty: Bütin dünýä Türkiýäni dinlemeli” söz başyly habarynda, Ysraýyl-Hamas çaknyşygy bilen global dartgynlygyň hasam möwç alandygyna ünsleri çekýän iňlis metbugaty, dünýäniň Türkiýäni diňlemelidigini nygtap; “Türkiýe halkara durnuksyzlyklar we çözülmeli halkara meseleler boýunça tagalla edýarkä, dünýäniň oňa ünsli çemeleşmegi möhüm” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar