Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2052883
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Erdogan Ysraýylyň genosid syýasatyna berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ysraýylyň Al Ahli hassahanasyna guran elhenç hüjümi bilen Gazadaky gyrgynçylygy başga derejä göterendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Türkiýe ilkinji nobatda gumanitar ylalaşygyň, soň bolsa yzgiderli durnuklylygyň ýola goýulmagy üçin tagalla eder” diýdi.

“Star” gazeti “Türkiýe Palestina üçin milli ýas yglan etdi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Palestinada esasy köplügi çagalardan we bigünä raýatlardan ybarat müňlerçe adama goýulýan sarpanyň borjy hökmünde Türkiýede 3 günlük milli ýas yglan edilendigini aýdandygyny ýazýar. Milli ýas yglan edilmeginden soň Türkiýäniň ähli ýerinde baýdaklar ýarysyna çenli aşakladyldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Fidan: Musulman ýurtlar işe girişmeli” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Yslam hyzmatdaşlyk guramasynyň maslahatynda Palestina meselesine adalatly we durnully çözgüt tapylmagy üçin täze usulyýetlere we musulman ýurtlaryň etmeli başlançlara zerurlyk duýulýandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “Ömer Çelik: Döwrebap taryhyň iň uly gyrgynçylygy” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň Ysraýylyň Gazadaky keselhana guran hüjümi hakynda; “Bu adamzat taryhynyň gören iň uly gyrgynçylyklaryndan biri. Döwrebap taryhyň iň uly we meýilleşdirilen gyrgynçylygy” diýen sözlerine üns çekilýär.

“Hürriýet” gazeti “Emine Erdogan bütin dünýä Gaza üçin çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň maşgalasy Emin Erdoganyň Ysraýylyň Gaza guraýan hüjümlerinde pida bolan asuda ilat üçin “Bu zuluma syn edýänlere ýüzlenýärin; Gazada batbörekler uçmaly, bombalar däl! Çaga gülküleri ýaňlanmaly, gussaly agylar däl! Gök asmany bulutlar gurşap almaly, tüsse däl” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar