Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2051745
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdoganyň Gaza boýunça ýokary diplomatik tagallasy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň dğýn Eýranyň Prezidenti Ebrahim Raisi, Britaniýanyň Premýer-ministri Rişi Sunak we Gresiýanyň Premýer-minbistri Kirýakos Mikotakis bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Raisi bilen geçirilen telefon söhbetdeşliginde Ýakyn Gündogarda dartgynlygyň hasam möwç almagyna sebäp bolýan başlangyçlardan çetde durulmadygyny beýan eden Prezident Erdogan, Sunaga uzak ýyllaryň dowamynda berilip, yzynda durulmadyk sözleriň ýada salynmagynyň we degişli çäreleriň görülmeginiň möhümdigini aýtdy. Prezident Erdogan Mikotakis bilen geçiren telefon söhbetdeşliginde bolsa adam hukuklarynyň basgylanmagynyň bes edilmegi ugrunda tagalla edip, bütin dünýä bu ugurda ýüzlenme bermeginiň möhümdigini beýan edip, parasatly başlangyçlaryň dessine iş ýüzüne geçirilmeginiň ýerlikli boljakdygyny aýtdy.

“Sabah” gazeti “Fidan Hamasyň lideri bilen telefon arkaly söhbedeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Hakan Fidanyň Ysraýyl-Palestina çaknyşygyndan başlamagyndan soň alyp barýan ýokary diplomatik gepleşiklerini dowam etdirýändigini ýazýar. Ministr Fidan soňky gezek Hamasyň lideri Ismail Haniýýe bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi we asuda ilatyň azat edilmeg hakynda pikir alyşdy.

“Hürriýet” gazeti “Ömer Çelik günbatara berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasnyň Metbugat sekretary Ömer Çeligiň günbatar ýurtlarynyň Ysraýyl-Gaza wakalary boýunça çemeleşmelerini berk tankyt edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ömer Çelik; “Günbataryň ençeme ýurdunda Pelestina goldaw ýörişlerine meýdanlarda we uniwersitetlerde edilýän basyş, kimdir biriniň öz etmişiniň üstüni ýapma tagallasydyr. Çagalaryň öldürilmegine hem deň derejede çemeleşmeýänleriň adalat hakynda aýdara sözi bolmaz” diýdi.

“Watan” gazeti “Numan Kurtulmyşyň Palestina hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň Başlygy Numan Kurtulmyşyň 1967-nji ýylda kabul edilen serhetleriň çäginde garaşsyz, bitewi, özygyýarly we paýtagty İýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagy ugrunda işlenmelidigini beýan edip; “Diňe kagyzyň üstünde bolan, etrap-etrap bölünen Palestina däl, territorial bitewiligi üpjün edilen Palestinanyň gurulmagy üçin hem yslam dünýäsiniň esasy borçlaryndan biri hem-de Ýakyn Gündogardaky parahatçylygyň esasy şertlerinden biridir” diýen sözlerini çap edýär.

“Haber Türk” gazeti “TÜRKSAT 6A-nyň uçurylmagyna 6 aý galdy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň düýn beren beýannamasynda TÜRKSAT 6A-nyň häzirki wagta çenli geçirilen synaglardan üstünlikli geçendigini nygtap; “Täze emeli hemramyz TÜRKSAT 6A 2024-nji ýylyň iýun aýynyň dowamynda uçurylar” diýendigini mälim edýär.



Degişli Habarlar