Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2051183
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Daşary işler ministri Amerikaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbedeş boldy” söz başyly habarynda, DAşary işler ministri Hakan Fidanyň ABŞ-nyň döwlet Sekretary Entoni Blinken bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Ysraýyl bilen Hamasyň arasynda dowam edýän çaknyşyklar we Gazadaky gumanitar ýagdaý hakynda pikir alyşyldy.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Gündogar Ortaýer deňizinde türgenleşik geçirer” söz başyly habarynda, Türk harby deňiz güýçleriniň Gündogar Ortaýer deňizinde atyş tälimleriniň geçiriljek türgenleşigi üçin NAWTEX yglan edendigini mälim edýär. Atyş täliminiň 16-20-nji oktýabryň aralygynda geçiriljekdigi habar berildi.

“Star” gazeti “Saud Arabystany Türkiýäniň “Galkynyş ýoly” taslamasyna goşulmaga niýetli” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň harytlary Pars aýlagyndan Ýewropa ýetirjek “Galkynyş ýoly” taslamasy boýunça Türkiýäniň, Yragyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň we Kataryň ylalaşandygyny aýdandygyny ýazýar. Ministr Uralogly Saud Arabystanynyň “Siz başlaň, bizem goşularys” diýlen ýüzlenmäni berendigini mälim etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Azerbaýjanda taryhy gün” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýewiň Azerbaýjanyň goşunlarynyň gözegçiligine alynan Agdere şäheri bilen Serseng bendine baryp görendigini ýazýar. Aliýew şol ýerlerde Azerbaýjanyň baýdagyny asdy. Azerbaýjanyň Garabagda geçiren antiterror operasiýasynyň 24 sagatda ýeňiş bilen gutarmagyndan soň sebit ermeni garakçylaryndan saplanypdy.

“Haber Türk” gazeti “Milli ýygyndy futbol komandasy ÝEWRO 2024-e gatnaşmaga hukuk gazandy” söz başyly habarynda, 2024 Ýewropanyň futbol çempionadynyň Seçip alyşynyň D toparynyň 7 bäsleşiginde Latwiýany 4-0 hasabynda utan Türkiýäniň milli ýygyndy komandasynyň Germaniýada geçiriljek turnire gatnaşmaga  hukuk gazanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar