Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2049858
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti, “Erdogan: Ysraýyla berk garşylyk görkezdi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Gaza Sektoryny birnäçe günden bäri bombalaýan Ysraýyla berk garşylyk görkezendigini ýazýar. Prezident Erdogan “Bir şäheriň suwyny, elektrik togyny kesmek, infraktrukturasyna uly zeper ýetirmek, metjidinden buthanasyna çenli ähli ybarathanalary ýykyp, asuda ilatyň ýaşaýan binalaryny bombalar bilen ýer bilen ýegsan etmek söweş däl eýsem gyrgynçylykdir. Ysraýyl şeýle hereket etmäge dowam eden halatynda oňa döwlet däl eýsem gurama ýaly çemeleşeris”diýdi.

“Ýenişafak” gazeti, “Erdogan: Howa hüjümlerimizi dowam etdireris” söz başyly habarynda, Yragyň we Siriýanyň demirgazygyna guralýan howa hüjümleri barada maglumat beren Prezident R. T. Erdoganyň, “Birnäçe wagtdan bäri guraýan howa hüjümlerimizi artdyrmak bilen dowam etdireris. Terror öýjüklerini ýer bilen ýegsan ederis” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti, “Çaknyşyklar sebäpli kruiz gämileriniň ugry Türkiýä gönükdi” söz başyly habarynda, Ysraýyla sapar gurajak kruiz gämileriniň, Ysraýyl-Palestina çaknyşygy sebäpli ugrynyň Türkiýä gönügendigini mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti, “Ersoý: 37 taryhy eserimiz yzyna getirilýär” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň, Şweýsariýadan yzyna getirlen taryhy eserler barada beren beýannamasynda “Urartu döwrüne degişli gap-çanaklar, Rim döwrüne degişli keýigiň heýkeli bilen birlikde jemi 37 eserimiz yzyna getirilýär” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

 

 



Degişli Habarlar