Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.10.2023

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2048055
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny 09.10.2023

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan: Palestina döwletiniň gurulmagy meselesi yza süýşürlip bilinmez” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Palestina-Ysraýyl çaknyşygy barada beren beýannamasynda, “Bu günki günde sebitimizdäki esasy meseleleryň başynda Palestina meselesi durýar. Mesele çözülmezden sebitde parahatçylygyň ýola goýulmagy mümkin däl. İki döwletli çözgüde goldaw berilmeli. 1967-nji ýyldaky serhetlere laýyklykda paýtagty İýerusalim bolan Palestina döwletiniň gurulmagy meselesi yza süýşürlip bilinmez” diýdi.

“Ýenişafak” gazeti, “Siriýanyň demirgazygyna täze howa hüjümi guraldy” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrliginiň, terror guramasy PKK/ÝPG-a garşy guralan howa hüjüminde 6 ýeriň hatardan çykarlandygyny mälim edendigini ýazýar. Mesele hakynda berlen beýannamada, ekstremist terror guramasy tarapyndan ulanylýan nebit desgasy, gowak we gaçybatalga bilen birlikde 6 ýeriň hatardan çykarlandygy nygtaldy.

“Star” gazeti, “TB2 we Albatros kamikaze bilen dünýäde ilkinji synag geçirildi” söz başyly habarynda, ýerli we milli mümkinçilikler bilen öndürlen kamikaze uçarmansyz howa ulagy Albatrosyň, synag atyşynyň çäginde deňizdäki nyşanasyny hatardan çykarandygyny habar berýär. Atyşly synaga Baýraktar TB2 uçarmansyz howa ulagy hem gatnaşdy. Şeýlelikde dünýäde ilkinji gezek uçarmansyz howa ulagy TB2 bilen kamikaze uçarmansyz howa ulagy Albatrosyň gatnaşmagynda synag geçirildi.

“Sabah” gazeti, “Türkiýe, halkara derejesinde ýene-de bir baýraga laýyk görüldi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglunyň, Zigana tüneli bilen Egiste Hadimi wiadugynyň Halkara ýol federassiýasynyň birinjilik baýragyna laýyk görlendigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Habertürk” gazeti, “Muglanyň gözellikleri Prezidentiň Türkiýe tigir turniri bilen dünýä tanadylar” söz başyly habarynda, Prezidentiň 58-nji Türkiýe tigir turniriniň Mugla welaýatyndaky etaplaryna dünýä derejesinde ýakyndan tanalýan welosipedçileriň gatnaşjakdygyny mälim edýär. Muglanyň taryhy we medeni gözellikleri bilen birlikde al-ýaşyl adajyklary 19 dilde 190 ýurtda tanadylar.

 

 



Degişli Habarlar