Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Dünýäniň we ýurduň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlar gündelik gazetlerde giň beýan tapýar.

2044757
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Terroryň soňky demleri” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Ankaradaky hyýanatçylykly terror hüjümi hakynda “Raýatlaryň asudalygyna we howpsuzlygyna kast eden pespäller maksatlary ýetip bilmediler. Asla ýetmezlerem” diýen sözlerini çap edýär. Erdogan iki ganhoruň täsirsiz ýagdaýa getirilen aksiýanyň terroryň soňky demleri bolandygyny beýan etdi.

“Star” gazeti “Dünýä Türkiýäni goldady” söz başyly habarynda, ÝB-niň, Şwesiýanyň, Italiýanyň, Müsüriň, Iordaniýanyň, Saud Arabystanynyň, Pakistanyň we Kosowanyň Ankaradaky terror hüjümini ýazgarandygyny ýazýar. Adybir ýurtlar Türkiýe bilen arkalaşyk ýüzlenmelerini berdiler. Daşary ýurtlaryň Türkiýedäki wekilhanalary hem Türkiýe bilen arkalaşyk ýüzlenmelerini çap etdiler.

“Sabah” gazeti “Yragyň demirgazygyna howa operasiýasy” söz başyly habarynda, Yragyň Demirgazygyna guralan harby howa operasiýasynda terror guramasy PKK degişli 20 nyşananyň derbi dagyn edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Operasiýada köp sanly terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi.

“Haber Türk” gazeti “Erdgan täze konstitutsiýa ünsleri çekdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisiniň täze kanun çykaryş ýylynyň açylyşynda çykyş edendigini ýazýar. Täze konstitutsiýanyň ähmiýetine ünsleri çeken Erdogan; “Biziň borjurmyz täze we jemgyýetçilik konstitutsiýany taýýarlamakdyr. Ähli syýasy partiýalary, halk deputatlaryny, jemgyýetiň gatlaklaryny täze konstitutsiýanyň taýýarlanmagyna gatnaşmaga çagyrýarys” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe Şwesiýa ýene-de bir gezek duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň orunbasary Jewdet Ýylmazyň; “Şwesiýa NATO agzalyk meselesinde Ankaranyň goldawyny almak üçin terrorizme garşy göreşde has aýgytly ädimler ätmeli” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Şwesiýanyň metbugaty bu beýannamadan soň “Türkiýe Şwesiýa ýene-de bir gezek duýduryş berdi” söz başy ulandy.



Degişli Habarlar