Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2042734
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Erdogandan Zengezur koridory ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Azerbaýjanyn Zengezur sebitine guran saparyndan gaýdyşyn uçarda beren beýannamasynda, Zengezur koridorynyň Türkiýäniň Azerbaýjan bilen gönüden arabaglanşygy ýola goýjakdygyna ünsi çekendigini ýazýar.

Erdogan “Türkiýe bilen Azerbaýjan üçin uly ähmiýete eýe bolan bu koridorynyň açylmagy strategiýa taýdan hem möhüm” diýdi.

“Watan” gazeti, “Erdogan-Aliýew duşuşygy dünýäde uly beýan tapdy” söz başyly habarynda, daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Prezident Erdoganyň Nahiçewana guran sapary hakyndaky habarlara giňişleýin orun berendigini malim edýär.

Azerbaýjanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri Erdoganyň ýurtlaryna berýän goldawyna ünsi çeken bolsa, Germaniýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri saparyň simwoliki taýdan diýseň möhümdigini nygtady. Gresiýanyň köpçülikleýin habar beriş serişdeleri bolsa Türkiýäniň Kawkazda has güýçlüdigine ünsi çekdi.

“Sabah” gazeti, “Türk ykdysadyýetinden 0 galyndy göçümi” söz başyly habarynda, Daşky gurşaw, şäherçilik we howa çalşygy ministrliginiň görkezijilerine görä, gelejek nesillerin has eşretli dünýäde ýaşamaklary maksady bilen Prezident R. T. Erdoganyň aýaly Emine Erdogan tarapyndan 6 ýyl ozal başladylan “O galyndy” taslamasy bilen şu günki güne jemi 45,5 million tonnalyk galyndynyň gaýtadan işlenip çykarlandygyny we ykdysadyýete 96 milliard liralyk goşant goşulandygyny habar berýär.

“Haber Türk” gazeti, Ministr Şimşek, Türkiýe Aziýa infrastruktura maýa goýum baknyndan 4 milliard dollarlyk maliýe goldawyny aldy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşegiň, Müsürde geçirlen Aziýa infrastruktura maýa goýum bankynyň ýyllyk maslahatyna gatnaşandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

Maslahatdan soň metbugata beýannama beren Şimşek “Türkiýe Aziýa infrastruktura maýa goýum bankyndan 4 milliard dollarlyk maliýe goldawynyny alan ikinji ýurt” diýip belledi.



Degişli Habarlar