Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2040708
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Çykan her münberimizde hakyň tarapynda durduk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ABŞ-na saparynyň ahyrynda Nýu-Ýorkdaky türk öýünde žurnalistler bilen geçiren söhbetdeşliginde BMG-niň Baş Assambleýasynda beren ýüzlenmeleriniň we özgerlişik çagyryşynyň dünýäde seslenme döretmegi hakynda; “Biz çykan ähli münberimizde hakykaty we dogrulary gürrüň berdik, hakyň ýanynda durduk. BMG-niň Baş Assambleýasynda aýdan her sözümizi milletimizden alan gönükdirmämize laýyklykda aýtdyk” diýdi.

“Star” gazeti “Soňky 1 hepdede 42 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň Metbugat we halk bilen gatnaşyklardan jogapkär resmisi kontr-admiral Zeki Aktürküň düýn ministrlikde geçirilen hepdelik metbugat ýygnagynda “Yrakda we Siriýanyň demirgazygynda soňky bir hepdede 42 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi. Şeýlelikde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sany 1-nji ýanwardan bäri 1271-e, 2015-nji ýylyň 24-nji iýulyndan bäri bolsa 38,614-e ýetdi” diýen” sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Ýewropada birinji, dünýäde dördünji orunda” söz başyly habarynda, Oba we tokaý hojalygy ministri İbrahim Ýumaklynyň düýn beren beýannamasynda Türkiýäniň bag ekmek işlerinde Ýewropada 1-nji, dünýäde 4-nji orunda durýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Türk howaýollary ýene-de bir gezek “World Klass” baýragyny aldy” söz başyly habarynda, Türk howaýollarynyň awiasiýa pudagynyň esasy guramalaryndan biri “APEX” tarapyndan üçünji gezek “World Klass” baýragyna laýyk görülendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Ýewropaly syýahatçy Antalýada dynç alyş möhletini uzaltdy” söz başyly habarynda, Antalýada syýahatçylyk möhleti esasanda Günbatar Ýewropa ýurtlaryndan gelýänb rezerwasiýalar bilen bilelikde noýabr aýynyň ortalaryna çenli uzalandygyny mälim edýär. sentýabr aýynyň birinji hepdesiniň görkezijilerine göra 11,350 000 syýahatçy sanyny geçen, aýyň ahyrynda 12 million syýahatçy çägini geçmegi nazarda tutýan pudagyň wekilleriniň oktýabr aýyndaky rezerwasiýalaryň hem gowudygyny aýdandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar