Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2039665
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti, “Erdogan: BMG-nyň Howpsuzlyk geňeşi, 5 ýurduň syýasy strategiýalarynyň çaknyşyk meýdanyna öwrüldi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň düýn ABŞ-nyň Nýu-Ýork şäherinde geçirilýän BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda eden çykyşynda “Dünýä 5-den uludyr” diýmek bilen BMG-nyň düzümine üýtgetme girizilmegi üçin ýene-de bir gezek çagyryş berendigini ýazýar.

Prezident Erdogan, “BMG-nyň Howpszlýk geňeşi, indi dünýäniň howpsuzlygynyň kepilnamasy bolmakdan çykdy we 5 ýurduň syýasy strategiýalarynyň çaknyşyk meýdanyna öwrüldi”diýdi

“Star”gazeti, “Türkiýäniň Garabagdaky harby operasiýa hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň doganlyk ýurt Azerbaýjanyň Garabagda başladan antiterror operasiýasy barada beýannama berendigini mälim edýär.

Daşary işler ministrliginden berlen beýannamda, “Azerbaýjan, öz territoriasynda degişli çäreleri görmäge mejbur boldy” diýildi.

“Sabah” gazeti, “Türkiýe asyry Nýu-Ýorkyň köçelerinde” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Kommunikasiýalar edarasy tarapyndan geçirilýän Respublikanyň 100 ýyllygyna bagyşlanan çäreleriň çäginde “Türkiýe Asyrynyň” ABŞ-nyň Nýu-Ýok şäherinde tanyşdyrlandygyny okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti, “Türkiýeden 85 million 386 müň dollarlyk bulgur eksport edildi” söz başyly habarynda, Türkiýeden ýanwar-awgust aýlaryny öz içine alýan döwürde 85 million 386 müň dollarlyk bulguryň eksport edilendigini ýazýar.

Bulgur eksportunda Yrak birinji, Russiýa ikinji, Siriýa bolsa üçünji orny eýeledi.



Degişli Habarlar