Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

2039057
Türk Metbugatynyň Gysgaça Mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Karnegi Ýewropa” Prezident Erdoganyň batyrgaý başlangyçlaryny ýazdy” söz başyly habarynda, Belgiýanyň jemgyýetçilik guramalaryndan biri bolan “Karnegi Ýewropanyň” soňky döwürde dünýä syýasatynda eýeleýän pozisiýasy bilen ünsleri çekýän Türkiýäni analiz edip, üns çekiji makala çap edendigini ýazýar. Prezident Erdoganyň edýän başlangyçlary üçin “batyrgaýlarça” diýip ýazan, “Karnegi Ýewropa” türk daşary syýasaty üçin bolsa “Türkiýe garaşsyz we düýpli daşary syýasat alyp barmak boýunça güýçli işlegini yglan etdi” garaýyşyny beýan etdi.

“Star” gazeti “0 zyňyndy herketi globallaşýar: Ilkinji gol Prezident Erdogandan” söz başyly habarynda, dünýä ýurtlaryna görelde bolan 0 zyňyndy hereketiniň globallaşma ugrunda ilkinji ädimini ädendigine ünsleri çekýär. Prezident R.T.Erdogan BMG-niň 78-nji Sesiýasynyň işleriniň çäginde maşgalasy Emine Erdoganyň öňbaşçylygyndaky Global 0 zyňyndy hakyndaky ýagşy niýetli beýannama ilkinji goly goýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 “Haber Türk” gazeti “Türkiýä 2 milliard dollarlyk maýa goýum meýilnamasy” söz başyly habarynda, “Alibaba Grup” firmasynyň başlygy Mişel Ewansyň Türkiýä öňümizdäki tapgyrda 2 milliard dollarlyk maýa goýmagy meýilleşdirýändiklerini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Gündogar Gara deňiziniň bal eksporty 2,1 million dollara ýetdi” söz başyly habarynda, Gündogar Gara deňiz sebitinden ýanwar-awgust aýlarynyn aralygynda edilen bal eksportunyň 90 göterim artyp, 2,1 million dollara barabar bolandygyny mälim edýär.

“Watan” gazeti “Gadymy Gordion şäheri sanawda” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň sosial media hasabyndan “Buşluk! ÝUNESKO-nyň Dünýäniň miras sanawyna 20-nji baýlygymyzy goşdurdyk. Ankaramyzyň densiz medeni baýlyklaryndan biri bolan gadymy Gordion şäheri “Dünýä mirasy” boldy” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar