Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2022026
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti, “Serhetaşa operasiýalar dowam eder” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, terror guramalaryna garşy alnyp barylýan serhetaşa operasiýalaryň dowam etjekdigine ünsi çekendigini ýazýar.

Erdogan, “Yrakda we Siriýada durnuklylygyň ýola goýulmagyndan soň bosgunlaryň meýletin ýagdaýda ýurtlaryna dolanmaklary baradaky işleriň depgini güýçlendirler” diýdi.

“Haber Türk” gazeti, “Erdogan: Türkiýe, Russiýa-Ukraina krizisiniň çözülmeginde esasy ýurt” söz başyly habarynda, Russiýa-Ukraina söweşinde Türkiýäniň ilkinji günden bäri deňagramly tutum alyp barýandygyny nygtan Prezident Erdoganyň, “Ýurdumyz bu krizisiň çözülmeginde esasy ýurt rolyny öz üstüne aldy” diýen sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti, “Erdogandan Günbatarly ýurtlara çagyryş” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň, 17-nji iýulda möhledi dolan galla geçelgesi ylalaşygynyň dowam etdirilmegi üçin uly tagalla edýändigini ýazýar. Erdogan, bu meseläniň çözülmeginiň, Günbatarly ýurlaryň beren wadasynda durmagyna baglydygyny nygtady.

“Star” gazeti, “ABŞ-nyň Türkiýe beýannamasy” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Türkiýäniň Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygy üçin edýän tagallasyna kanagatlanma bildirendigini habar berýär. ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy, ABŞ-nyň, Türkiýäniň, Gara deňiz galla geçelgesi ylalaşygyna dolanmagy üçin Russiýa basyş etmegine kanagatlanma bildirýändigini mälim etdi.

“Sabah” gazeti, “Galla krizisine çäre Türkiýe” söz başyly habarynda, merkezi Dubaýda ýerleşýän “Al Arabiýa”kanaly, Prezident Erdoganyň galla krizisi meselesinde Günbatarly ýurtlara beren ýüzlenmesi bilen ünsleri özüne çekendigini nygtaýar. Al Arabiýa, “Erdogan, Günbatarly ýurtlaryň Ukrain gallasy meselesinde beren wadasynda durmagyny isledi” diýip belleýär.



Degişli Habarlar