Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

2012673
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Prezident Erdoganyň Galla geçelgesi bilen bagly beýanaty" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Saud Arabystanyna ugramadan ozal geçiren metbugat ýygnagynda beýanat berendigini habar berýär. Prezident Erdogan: "Russiýanyň Döwlet baştutany Wladimir Putiniň şol ynsanperwer köprüniň dowam etmegini isleýändigine ynanýaryn. Sapardan soň Putin bilen duşuşyk geçirerin. Awgust aýynda ýurdumyzda duşuşyk geçiren mahalymyz şol meseleleri ara alyp maslahatlaşarys" diýdi. 

Star gazedi: "ÝB-niň Türkiye bilen bagly ýüzlenmesi" söz başyly habarynda, Ýewropa Bileleşigi Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon Der Lýaýeniň Russiýanyň Türkiyäniň edýän tagallalaryna garamazdan Gara deňiz Galla geçelgesi ylalaşygyny bes etmegini berk ýazgarýandyklaryny aýdandygyny beýan edýär. 

Sabah gazedi: "Türkiye bilen Saud Arabystanynyň arasynda 5 täze ylalaşyk baglaşyldy" söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň we Saud Arabystanynyň Mirasdar Şazadasy Muhammed Bin Selmanyň ýolbaşçylyk etmeklerindäki wekiliýetleriň arasynda geçen gepleşiklerden soň gönüden maýa goýum, goranyş senagaty, energetika we aragatnaşyk ugurlarynda ylalaşyklaryň baglaşylandygyny mälim edýär. 

Haber Türk gazedi: "Sabiha Gökçen howa menzili şol bir hepdede iki täze rekorda eýe boldy" söz başyly habarynda, Stambul şäherindäki Sabiha Gökçen howa menziliniň 14-nji iýulda 123 müň 449 ýolagçysy bilen ýeten rekordyny, 16-njy iýulda amala aşyran 674 uçar sapary bilen 123 müň 607 ýolagçysy bilen täzeländigini aýan edýär. 

Ýeni Şafak gazedi: "Turkish Cargo 3-nji oruna geçdi" söz başyly habarynda, Türk howa ýollary kärhanasynyň ýük daşamak markasy bolan Turkish Cargonyň, maý aýynda uly üstünlik gazanandygyny habar berýär. Turkish Cargo dünýäniň ady belli howa ýollary ýük daşaýjylaryň arasynda 3-nji oruna geçdi. 


Etiketkalar: #türk , #metbugat

Degişli Habarlar