Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2012118
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Türkiýäniň üstünligine ünsi çekdiler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Egeýdäki harby flodyna ünsi çeken grek gazeti, türk goranyş senagatynyň gün saýyn pajarlap ösýändigini, türk uçarmansyz hüjüm gämileri bilen Türkiýäniň ünsleri özüne çekýändigini mälim edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti, “Kosowa Baýraktar TB2-leri kabul edip aldy” söz başyly habarynda, Kosowanyň Premýer-ministri Albin Kurtiniň, Türkiýeden satyn alynan Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglaryny kabul edip alandygyny habar berýär. Sosial mediadan beren habarnamasynda TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň fotosuratlaryna ýer beren Kurti, “Kosowa indi özüni has howpsuz duýýar” diýdi.

“Habertürk” gazeti, “Kruiz syýahatçylygynda rekord” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Abdulkadir Uraloglynyň “2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan iýun aýyna çenli portlarymyza gelen kruiz gämileriň sany geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 32,5 göterim artyp 420-ä, ýolagçy sany hem ady agzalýan döwürde 88,8 göterim artyp 482 müň 925-e ýetdi” diýen sözlerine ýer berýär.

“Ýenişafak” gazeti, “Russiýa eksportda esasy orun eýeleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň, Russiýa iň köp eksport eden ýurtlaryň sanawynda ikinji orny eýeleýändigini ýazýar. ABŞ-nyň we Ýewropanyň  Russiýa goýan sanksiýalaryndan ýerlikli peýdalanan Türkiýeden 6 aýda Russiýa edilen eksport 88,6 göterim artyp 2 milliard 574 million dollardan 4 milliard 854 million dollara ýetdi.

“Hürriýet” gazeti, “Matematika we biýologiýa olimpiadalarynda 10 medal” söz başyly habarynda, türk okuwçylarynyň Ýaponiýada geçirlen halkara matematika olimpiadasynda 1 altyn we 5 kümüş, Birleşen Arap Emirliklerinde geçirlen halkara biýologiýa olimpiadasynda hem 3 kümüş we 1 bürünç medal alandygyny mälim edýär.



Degişli Habarlar