Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

2010053
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, “Erdogan bilen Baýden duşuşdy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň we ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýdeniň düýn NATO-niň liderler maslahatynyň çäginde duşuşandygyny ýazýar. Erdogan bilen Baýden 1 sagat 15 minut dowam eden duşuşykda, Türkiýe bilen ABŞ-nyň arasyndaky syýasy, ykdysady, söwda we harby gatnaşyklar bilen birlikde sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.

“Star” gazeti, “Erdogan: Gaýtalanmagyna asla rugsat bermeris” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn Serebrenisa gyrgynçylygynda şehit bolanlary hatyralap, “Şu gün 28 ýyl ozalkysyna görä, Türkiýe ykdysady taýdan has güýçli, diplomatiýa taýdan sarpa goýulýan ýurtlardan biri. Türkiýe hökmünde şeýle gyrgynçylygyň indi gaýtalanmagyna asla rugsat bermeris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Haber Türk” gazeti, “Milli Goranmak ministri Güler, Amerikaly kärdeşi Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Ýaşar Güler bilen ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostiniň düýn telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini habar berýär. Iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde Şwesiýanyň NATO agzalygy we F-16 harby uçarlarynyň döwrebaplaşdyrylmagy hakynda pikir alyşdy.

“Sabah” gazeti, “Ministr Mehmet Şimşegiň beýannamasy” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Mehmet Şimşmegiň, düýn beren beýannamasynda 26-njy maýda 98,5 milliad dollara barabar bolan Merkezi bankynyň ätiýajynyň 30-njy iýunda 108,6 milliard dollara çenli baryp ýetendigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti, “Milli harby uçar KAAN ilkinji synaglaryna başlady” söz başyly habarynda, Türk awiasiýa we kosmos senagaty edarasynyň Baş müdüriniň orunbasary Özkan Altaýyň, milli harby uçar KAAN-yň ilkinji ýerli synaglara başlandygyna ünsi çekendigini ýazýar. Özkan Altaý, “KAAN-yň üstümizdäki ýylyň ahyrynda gök asmanda uçmagyny meýilleşdirýäris” diýdi.



Degişli Habarlar