Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1998767
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan; Biziň Iş meýilnamamyz parahatçylyga esaslanýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň Gresiýa bilen gatnaşyklarynda iş meýilnamasyny parahatçylyga esaslandyrandygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Biz Egeý deňiziniň parahatçylyk deňizi hökmünde bütin dünýä ýüzlenmegini isleýäris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Stoluň başyna dolanmak üçin DKTR-sy ykrar edilmeli” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Kipriň gadymy we esasy faktorlaryndan biri bolan Kipr türkleriniň adada hiç haçan azlyk bolmandygyny we bolmajakdygyny beýan edendigini ýazýar. Erdogan; “Gepleşikler stoluna yza dolanylmaly bolsa, onuň ýoly Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň ykrar edilmeginden geçýär” diýdi.

“Watan” gazeti “Tatar Kiprde deň hukuk derejesine ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň Prezdient R.T.Erdoganyň DKTR-na elmydama eýe çykýandygyny, onuň hem özlerine güýç berýändigini aýdandygyny mälim edýär. Kiprde iki halkyň bardygyny beýan eden Tatar; “Adada özygtyýarlyk deňlik esasynda we deň hukuk derejesiniň kabul edilmeginden soň gepleşikler başlap biler” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Nemes mediasynyň Erdogan hakyndaky öwgüsi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň liderliginin nemes döwlet teleýaýlymynda seljerilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Germaniýanyň “ZDF” teleýaýlymynyň moderatory Markus Lanzyň ähli ýerde türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň uçýandygyny beýan edip, Siriýada, Yrakda, Liwiýada, Azerbaýjanda, Ukrainada, ähli ýerde Türk ÝUHU-lary uçýar. Ýafgny başga bir söz bilen aýdylanda Erdogan ähli meselelere çäre görýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Türkiýe sebitiň häkimi boldy” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän “Briking Defens” internet saýtynyň Türkiýäniň Günorta-gündogar Aziýada ABŞ-nyň hökmürowan goranyş eksportçysy pozisiýasyny elinden alýandygyny ýazandygyna ünsleri çekýär. Makalada Malaýziýada “LIMA 2023” goranyş sergisinde Türkiýäniň üns merkezine öwrülendigi nygtalýar.



Degişli Habarlar