Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1977322
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdoganyň sözleri Gresiýada ýaňlandy: Türkiýe ýadro güýje eýe bolar” söz başyly habarynda, Gresiýanyň köp tiražly gazetlerinden biri bolan “Katimerini” “Türkiýe ýadro güýje eýe bolar” söz başysyny ulanan habarynda Prezident R.T.Erdoganyň: “Türkiýe dünýäniň esasy ýadro güýçlerinden biri bolar. “Türkiýe Asyry” şol bir wagtda energetikanyň aşyry bolar” diýen sözlerine ünsleri çekendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Akaryň ukrain ministre “Togg” žesti” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň, Ukrainanyň İnfrastruktura ministri Oleksandr Kubrakowa Kaýserä  guran saparynyň dowamynda ulanmagy üçin Türkiýäniň ilkinji ýerli we milli awtoulagy “Togg” berendigini mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Biotehnologik rak barlaglaryny geçirer” söz başyly habarynda, Kojaeli welaýatynyň Gewze şäherinde TÜBİTAK-yň Sanjym we derma önümçilik merkeziniň açylyş dabarasynda çykyş eden Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň “Merkezde Biotehnologik dermanlar we sanjymlar, rak keseli boýunça ylmy barlaglaryň, synag haýwanlarynyň gözegçilik işleri geçiriler” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Karaismailogly: Stambulyň howa menzillerinde ýolagçy sany 38 göterim artdy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň “Stambulyň howa menzillerinde ýolagçy sany 38 göterim artdy. Ulyň üç aýynda, Stambul howa menzili 16,5 million, Sabiha Gökçen howa menzili 7,9 million ýolagçy gatnatdy” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Stambul Ýewropada oýun boýunça şertnama bağlaşylan ikinji şäher” söz başyly habarynda, Türkiýede 2022-nji ýylda 23 oýun firmasynyn jemi 427,7 million dollarlyk maýa goýumyň goýulandygyny mälim edýär. Stambul Londondan soň Ýewropada oýun boýunça şertnama baglaşylan ikinji şäher boldy.  Stambul dünýäde pudak boýunça 5-nji orunda durýar.



Degişli Habarlar