Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertininiň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1976749
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah” gazeti “Elektrik togy bilen işleýän lokomotiw ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli şertlerde öndüren E5000 görnüşli elektrik togy bilen işleýän lokomotiwiniň Prezident R.T.Erdoganyň düýn Eskişehirde gatnaşan açylyş dabarasynda resýese düşürilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Akar beýan etdi: Türk ýaragly güýçleri terrorçylaryň galasyny ýumurdy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Yragyň demirgazygyndaky Zap etrabynda terrorçylaryň galasy diýilýän, giririlmesiz häsýetlendirilýän Çemçö atly gowaga girendigini, köp sanly ýaragyň we ok-däriniň ele salynandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Watan” gazeti “Gara deňizden çykarylýan tebigy gaz, gury ýerde ýanmaga başlady” söz başyly habarynda, Gara deňizde Sakarýa gaz kaäninde tapylan tebigy gazyň 170 kilometr alyslykdan gury ýere getirilendigini mälim edýär. İlkinji synag üçin gazyň ýakylmagyna başlandy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Dönmez: 694 million tonna barabar seýrek gabat gelýän toprak elementini tapdyk” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň düýn Eskişehir welaýatyndaky açylyş dabarasynda beýannama berip, “Seýrek toprak elementleri desgasyny halkyň hyzmatyna bereris. 694 million tonna barabar seýrek toprak elementini tapdyk” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “TJG Anadoly” gämisine uly gyzyklanma bildirildi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň iň uly harby gämisi “TJG Anadolynyň” öňňin halka açylandygyny mälim edýär. Gämä bolan uly gyzyklanma düýn hem dowam etdi. Gämini görmek üçin gelenler Stambulyň Saraýburny kenarynda uzyn nobata durdular.



Degişli Habarlar