Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1973474
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan saýlaw beýannamasyny tanyşdyrdy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň saýlaw beýannamasyny tanyşdyrandygyny ýazýar.

 Şuňa laýyklykda üstümizdäki ýylyň iýul aýynda-da aýlyk haklary ýokarlandyrylar. Durmuş gurjaklara iki ýyl yzyna tölemesiz, göterimsiz karz beriler. Öý hojalykçylara hormatly dynç alyşa çykma şerti dörediler. Eksport 2028-nji ýylda azyndan 400 milliard dollara ýetiriler.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Türkiýäni ösdürmäge dowam ederis” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň ykdysadyýeti maýa goýumlar, iş üpjünçiligi, önümçilik, eksport we nagt artykmaçlygy bilen ösdürmäge dowam etjekdiklerini aýdandygyny mälim edýär.

“Hürriýet” gazeti “Oraza baýramynda ýer titreme sebitindäki ilkinji öýler gowşurylar söz başyly habarynda, Daşarky gurşaw we şähergurlyşyk ministri Murat Kurumyň 6-njy fewralda ýykylan ýaşaýyş jaýlarynyň ýerine täzesini gurmaga söz berendiklerini ýatladyp, “11 welaýat üçin beren sözümizde durarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministr Kurum 21-nji aprelde oraza baýramynda sebitdäki ilkinji öýleriň gowşuryljakdygyny aýtdy.

“Star” gazeti “TJG Anadoly” dünýäniň üns merkezinde” söz başyly habarynda, dünýäniň ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagy gämisi we Türkiýäniň iň uly harby gämisi bolan “TJG Anadolynyň” dünýä metbugatynda giň seslenme döredendigini ýazýar. “Bloomberg” ýaýlymy “Erdogan harby güýjüni görkezdi” diýip ýazan bolsa, “GulfNýus” “TJG Anadoly” dron ukyplaryny görkezýär” diýip, ýazdy.

“Watan” gazeti “Syýahatçylykda taryhy rekord” söz başyly habarynda, ýylda onlarja ýurtdan millionlarça syýahatçyny kabul edýän Antalýa geçen ýyl 23 aprelde ýetilen 1 million syýahatçy sanyna birnäçe gün öň ýetlendigini mälim edýär. Günde 100 uçar gonýan Antalýa, häzirki wagta çenli geçen ýyl bilen deňeşdirilende 60 göterim artyş bilen 1 million 72 müň syýahatçy geldi. Şu ýyl Antalýa üçin 17 million syýahatçy maksadyna ýetilmegi meýilleşdirilýär.

 



Degişli Habarlar