Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1969997
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýenişafak” gazeti, “Dünýä 5-den uludyr ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdogan, Adalat we ösüş partiýasynyň 14. Ilçiler agzaçarynda eden çykyşynda “Dünýä 5-de uludyr” diýip “Adamzadyň gelejegini 5 ýurduň kesgitleýän ulgamynyň öz işini dowam etdirmegi mümkin däl” diýen sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti, “Akar: Egeý we Ortaýer deňiziniň hakykatdan hem dostluk denizi bolmagyny arzuw edýäris” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň çakylygyna laýyklykda Hataýa gelen Gresiýanyň Goranmak ministri Nikolaos Panaýotopulos bilen bolan duşuşygyndan soň beren beýannamasynda “Egeý we Ortaýer deňiziniň hakykatdan hem dostluk denizi bolmagyny arzuw edýäris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Watan” gazeti, “Mart aýynda eksport rekord goýdy” söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşyň “Ýer titremesiniň önümçilige ýetiren ýaramaz täsirlerine garamazdan mart aýynda eksport 4,4 göterim artyp 23,6 milliard dollara ýetdi” söz sözlerini okyjylarynyň dykgatyne ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti, “Aliýew TOGG-u kabul edip aldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli we milli awtoulagy TOGG-uň Azerbaýjanyň Prezidenti Ilham Aliýewe, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warank tarapyndan gowşurlandygyny ýazýar.

Ilkinji TOGG Prezident Erdogana, ikinji TOGG bolsa Azerbaýjanyň Prezidenti Aliýewe gowşuryldy.

Erdoganyň Aliýewi gutlap ulagyň düşümli bolmagyny diledi.

“Sabah” gazeti, “Syýahatçylyk pudagynda Germaniýanyň we Britaniýanyň bazarlary 50 göterim artdy” söz başyly habarynda, Ortaýer deňizi syýahatçylyk bileleşiginiň başlygy Kaan Kaşif Kawaloglunyň, Türkiýede dynç almak isleýän germaniýaly we gritaniýaly syýahatçylaryň sanynyň 3 aýdan 50 göterim artandygyna ünsi çekendigini belleýär.

 

 



Degişli Habarlar