Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1950257
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Çawuşogly: “Ençeme şäheri gaýtadan gurarys” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn beren beýannamasynda Kahramanmaraşdaky ýer titremelerden soň birnäçe şäheri gaýtadan gurjakdyklaryny aýdandygyny ýazýar. Çawuşogly halkara jemgyýetçiliginiň şu günki güne çenli beren  goldawy üçin hem sagbolsun aýtdy.

“Haber Türk” gazeti “Nemes ministrler Kahramanmaraşda” söz başyly habarynda, Germaniýanyň Daşary işler ministri Annalena Berbok bilen İçeri işler ministri Nansi Faseriň düýn ýer titremeleriň güýç merkezi Kahramanmaraş welaýatynyň Pazarjyk etrabyna baryp görendiklerini mälim edýär. Daşary işler ministri Berbok; “Bu ýer titreme betbagçylygynyň göwrümi, bärde hem bolsaňyz söz bilen beýan edilmeýär” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Baýkaryň uçarmansyz ýaragly we ýaragsyz ulaglary ýer titreme sebitinde 1914 sagat 19 minut uçdy” söz başyly habarynda, Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerden soň “Baýkaryň” uçarmansyz howa ulaglarynyň çekilen ýitgileriň kesgitlenmegi, howpsuzlyk, gözleg we halas ediş, kartografiýa işlerini alyp baran dronlaryň işini dowam etdirýändigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Dünýä metbugatynda üns çeken analiz” söz başyly habarynda, dünýä taryhynyň iň güýçli ýer titremelerinden birini başdan geçiren Türkiýe üçin ençeme ýurduň ýek-ýumruga öwrülendigini, bu barasynda analiz makala neşir eden “Al Jaziranyň” halkara arabaglanşygyň Türkiýäniň uzak ýyllaryň dowamynda alyp baran “kömek diplomatiýasynyň” netijesidigini nygtaýandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Gahryman it “Proteonyň” ady köçe haýwanlary merkezinde ýaşadylar” söz başyly habarynda, Kahramanmaraşda bolan ýer titremerlerde agyr ýitgi çeken Adyýamanda gözleg-halas ediş işlerini alyp barýarka ölen Meksika toparynyň Proteo atly iti, Kojaeli welaýatynyň Başiskele etrap häkimligi tarapyndan köçe haýwanlary üçin açylan rehabilitasiýa merkezine dakylandygyny ýazýar.

 



Degişli Habarlar