Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1947552
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Umytlar gutarmady” söz başyly habarynda, “asyryň tebigy paty” atlandyrylýan merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleriniň 12-nji gününde Hataýyň Antakiýa etrabynyň Odabaşy etrapçasyndaky binanyň harabalygyndan 26 ýaşly Mehmet Ali Şakiroglunyň we 34 ýaşly Mustafa Awjynyň apatyň 261-nji sagadynda halas edilendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Aleýna bütin dünýäniň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Kahramanmaraşda ýer titremeden 11 gün soň gözleg-halas ediş toparlary tarapyndan harabalygyň aşagyndan çykarylan 17 ýaşly Aleýnanyň saglyk ýagdaýynyň lukmanlary geň galdyrandygyny mälim edýär. Britaniýanyň “Deýli Mail” gazeti ýaş gyzyň 248 sagat soň harabalygyň aşagyndan çykarylan puratlaryny “Ynanmak mümkin däl” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

“Haber Türk” gazeti “NATO-dan goldaw sapary” söz başyly habarynda, Türkiýede agyr weýrançylyklaryň çekilmegine sebäp bolan ýer titremesinden soň NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýä sapar bilen gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen duşuşan Stoltenberg; “Bu alýansyň territoriýasyndan başdan geçirilen uly tebigy apat” diýdi. NATO-nuň ýaranlary goldawyny dowam etdirer” diýdi.

“Sabah” gazeti NATO konteýner şäher gurar” söz başyly habarynda, NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly bilen geçiren duşuşygyndan soň geçirilen bilelikdäki metbugat ýygnagynda  ministr Çawuşoglynyň NATO-nuň geňeşiniň 3 müň adam üçin niýetlenen konteýner we çadyr ugratmak hakynda karara gelendigini aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly; NATO-nuň giňelmegini isleýäris” söz başyly habarynda, Daşary işler minstri Mewlüt Çawuşoglynyň Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO agzalyk tapgyry hakynda; “Biz NATO-nuň giňelmeginiň tarapynda. Emma adybir ýurtlaryň etmeli başlangyçlary bar, esasanda Şwesiýanyň” diýen sözlerini çap edýär. Çawuşogly Şwesiýadaky Gurhany ýakma aksiýasyna we ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň ýaranlarynyň aksiýalaryna ünsi çekip; “Şeýle aksiýalar gowy bolmady” diýdi.



Degişli Habarlar