Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibinin ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1946011
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly siriýaralylara geçelgeleriň açylmandygyny beýan etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri sebäpli Siritadan Türkiýä immigrantlar toparynyň gelýändigi hakyndaky habarlaryň hakykaty beýan etmeýändigini nygtap; “PKK-nyň we ÝPG-niň gözegçilik edýän ýerlerinde geçelge açylmagy mümkin däl” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “73 ýyl geçen hem bolsa şol kömekleri ýatdan çykarmadylar” söz başyly habarynda, dünýäniň taryhynyň iň agyr ýr titremelerinden birini başdan geçiren Türkiýe üçin mobilizlenendigine ünsleri çeýär. Mundan 73 ýyl ozal Koreýa Respublikasyna goşun uğradan Türkiýäni ýatdan çykarmadyk resmi Seul möhüm başlangyç etdi. Prezident Ýun Sukýolyň “genetiki taýdan edinilen ýaran we doganlyk halk” bolan Türkiýä iň ýokary kömegiň berilmegi üçin görkezme berdi.

“Haber Türk” gazeti “NATO Türkiýe bilen arkalaşyk ýüzlenmesini berdi” söz başyly habarynda, NATO-nuň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň Türkiýede bolan ýer titremeleri sebäpli NATO agza ýurtlaryn Türkiýe bilen güýçli arkalaşyk edýändigini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah”gazeti “Dünýä gahryman şepagat uýalaryna alkyş aýdýar” söz başyly habarynda, Gaziantepde ýer titreme mahalynda hassahanalardan birindäki şepagat uýalaryndan birinin bäbekleri halas etmek üçin inkubatorlara tarap ylgamagynyň dünýäniň üns merkezindedigini mälim edýär. Britaniýada çap edilýän “Deýli Mail” gazeti “Güýçli ýer titremede “ajaýyp” şepagat uýalary bäbeýleriň yranýan sallançaklary agdarylmasyn diýip otaga ylgady” diýip ýazdy.

“Star” gazeti “Sport dünýäsi ýek ýürek boldy” söz başyly habarynda, sport dünýäsiniň “asyryň tebigy apaty” häsýetlendirilýän Kahramanmaşda bolan ýer titremelerinden soň Türkiýä goldaw berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Daşary ýurt komandalarynda oýnaýan türk türgenleriniň ýany bilen ençeme sport görnüşinde dünýä meşhur türgenler Türkiýä goldaw üçin çagyryş etdiler. Auksion görnüşinde formalaryn satuwyna ençeme meşhur futbolçy goldaw berdi.



Degişli Habarlar