Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1945493
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Ýer titremesinden soň Türkiýä sapara gelen ilkinji lider” söz başyly habarynda, Kataryň Emiri Şeýh Tamim bin Hamed Al Sanininiň “asyryň tebigy apaty” häsýetlendiriýän Kahramanmaşda bolan ýer titremelerinden soň Prezident R.T.Erdogan bilen duşuşmak üçin Türkiýä gelendigini ýazýar. Erdogan Al Sanini Stambuldaky Wahdettin köşkünde kabul etdi. Kataryň Emiri ýer titremelrden soň Türkiýä sapar eden ilkinji lider boldy.

“Haber Türk” gazeti “Gresiýa kömekleriň dowam etjekdigini habar berdi” söz başyly habarynda, Türkiýede uly weýrançylyklara sebäp bolan ýer titremelerden soň dünýä ýurtlaryndan kömekler gelmäge dowam edýän bolsa, Gresiýanyň Daşary işler ministri Dendias Adana welaýatyna sapar edendigini ýazýar. Dendiasy Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly garşylady. Ministrler soň Hataý welaýatyna bardylar. Ýer titremesiniň bolan sebitinde beýanat beren Dendias, Gresiýanyň Türkiýä kömek bermäge dowam etjekdigini nygtady.

“Hürriýet” gazeti “Sag bol goňşy” söz başyly habarynda, Antalýanyň Kaş etrabyna 7,5 kilometr alysda ýerleşýän Gresiýanyň Meis adasyndan Türkiýede ýer titremelerinden ejir çekenlere kömek ugradylandygyny mälim edýär. Kömek gutularynyň üstünde “Hormatly goňşy, ýer titremelerinde siziň öýleriňiz bilen biziň hem ýüreklerimiz ýykyldy” diýlip ýazylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

 “Watan” gazeti “Türkiýe ýek ýürek, kömek agşamy” söz başyly habarynda, Teleýaýlymçylar jemgyýetiniň 6-njy fewralda merkezi Kahramanmaraşda bolan we 10 welaýatda agyr ýitgi çekilen iki ýer titremeden soň kömek agşamyny guramak boýunça karara gelendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Kömek agşamy; “Türkiýe ýek ýürek” şygary bilen 15-nji fewral çarşenbe agşamy Türkiýe wagty bilen sagat 20.00-da başlar. Kömekler Gyzyl ýarymaý, Tebigy apatlar we adatdan daşary ýagdaýlar edarasynyň hasaplaşyk hasaplarynda jemlener.

“Sabah” gazeti “Anželine Joli gussaly kakanyň suraty bilen dünýä ýüzlendi” söz başyly habarynda, amerikaly meşhur aktrisa Anželina Joliniň Kahramanmaraşdaky ýer titremeleriniň ýatdan çykmajak kadrlardan biri bolan 15 ýaşyndaky gyzynyň elini goýbermedik gussaly kakanyň fotosuraty bilen bütin dünýa ýüzlenendigini ýazýar. Joli sosial media hasabyndan bütin dünýäni ýer titremelerinden ejir çekenler üçin kömek bermäge çagyrdy.



Degişli Habarlar