Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1932925
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Soýlu: Uçarmansyz howa ulaglary Türkiýäniň terrorizme garşy göreş taryhyny özgertdi” söz başyly habarynda, İçeri işler ministri Süleýman Soýlunyň Twitter hasabyndan beren habarnamada; “Uçarmansyz howa ulaglary Türkiýäniň terrorizme garşy göreş taryhyny özgertdi. “Baýraktar” ulaglary dünýäniň sarpa goýýan gudratydyr” diýip, ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti” Dünýä ägirtleriniň gözi Türkiýede” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Gara deňizde 710 milliard m3 tebigy gaz ätiýajyny çykaryp, ulanmaga başlamagynyň dünýäniň belli energetika firmalaryny herekete geçirendigini mälim edýär. Milliardlarça dollarlyk teklip bilen Türkiýä ýüz tutan firmalaryň teklipleri kabul edilmedi. Türkiýe tebigy gazy özüniň çykarjakdygyny beýan etdi.

“Sabah” gazeti “Karaismailogly: Dünýäde 14-nji orunda durýarys” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň türk raýatlaryna degişli gämi flotlarynyň güýjüniň 41 million dedweýt tonna barabar bolandygyny we şeýlelikde Türkiýäniň dünýäniň iň uly gämi flotuna eýe ýurtlarynyň hatarynda 14-nji orunda durýandygyny aýdandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Türkiýe 110 ýurda satdy” söz başyly habarynda, geçen ýyl Türkiýeden 110 ýurda we sebite 9,2 milliard dollarlyk awtoulag eksportunyň edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber” gazeti “Türkiýäniň 10 ýene-de 10 tagamy ÝB-de bellige alynar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň Türk Patent we Markalar guramasy tarapyndan Türkiýäniň 10 tagamy üçin Ýewropa komissiýasyna ýüz tutandygyny beýan edip; “ÝB-de geografik bellikli önümleriň sanyny 100-e ýetireris” diýendigine ünsleri çekýär.



Degişli Habarlar