Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1930797
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Çawuşogly: Biz söweşiň gepleşik stolunda gutarjakdygyna ynanýarys” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewüt Çawuşoglynyň Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweş hakynda durup geçip, “Biz söweşiň gepleşik stolunda gutarjakdygyna ynanýarys” diýen sözlerini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Akaryň Siriýa hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Türkiýe bilen Siriýanyň arasyndaky gepleşikleriň 11 ýyl soň dolulygyna gowy niýet bilen, iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklar hem-de sebitiň parahatçylygy üçin başlandygyna ünsi çekip; “Bu bir tapgyr. Biz ikitaraply gepleşikler arkaly netijelener we sebit üçin parahatçylyga, durnuklylyga goşant goşar” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti “Gollandiýaly alymyň günbatara reaksiýasy: Türkiýe spiritualizmi gözüňizi kör etdi” söz başyly habarynda, günbatar ýurtlarynyň terror guramasy PKKÝPG boýunça Türkiýäniň duýduryşlaryna ünssiz çemeleşmegini tankyt eden gollandiýaly alym Rena Netžasyň “Türkiýe spiritualizmi sebäpli terror guramasy PKK/ÝPG-niň garaňky ýüzüni görmeýärler” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Nemes metbugatynyň üns çekiji Türkiýe analizi… Hytaýdan milli uçara öwgüli sözler” söz başyly habarynda, dünýäniň ençeme ýurduna eksport edilýän türk önümi uçarmansyz howa ulaglarynyň nemes metbugatynyň gün tertibinde orun tutýandygyny mälim edýär. “Die Welt” gazeti Türkiýäniň güýçlenýän goranyş senagaty hakynda üns çekiji analiz makala çap edendigini ýaýzar. Hytaýyň köp tiražly gazetlerinden “Pipls Deýli” bolsa, Türkiýäniň depginli ösýän howa güýji hakda öwgüli sözler ýazyp, “Türkiýäniň milli uçary öz toparynda has ýokarda durýar” garaýyşyny beýan edýär.

“Watan” gazeti “Türk telekeçileri Wegasa sapar gurady” söz başyly habarynda, dünýäniň esasy sarp ediji elektronik sergisi “JES 2023-de” türk telekeçileriniň innowatiw önümleriniň giňden sergilenýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. ABŞ-nyň Las Wegas şäherinde geçirilen sergi, türk telekeçileriniň tanyşdyrlyş meýdanyna öwrüldi.



Degişli Habarlar