Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlde giň beýan tapýar.

1929656
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti, “Prezident Erdogan talyplara ýüzlendi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdogan, ýaşlaryň gelejegiň kepilnamasydygyny aýtdy. Erdogan düýn Stambul şäherinde talyp ýaşlar bilen bolan duşuşygynda ýaşlaryň gazanýan üstünliklerine buýsanýandygyny nygtap, Türkiýe asyrynyň ýaşlara amanat ediljekdigini we ýaşlaryň halkyň asyrlyk arzuw hyýallarynyň hasyl bolmagynda uly rol oýnajakdygyny belledi.

“Star” gazeti “Türkiýe ünsleri özüne çekýär” söz başyly habarynda, Senagat we tehnalogiýa ministri Mustafa Warankyň, düýn CES 2023 sergisine gatnaşmak üçin ABŞ-na gidendigini habar berýär.

Sergide Türkiýäniň Togg ulagynyň sergilenýän bölümine baryp gören Warank ol ýerde eden çykyşynda, Türkiýede satuwa çykarlandan 2 ýyl soň Toggyň eksport edilmegini maksat edinýändiklerini belledi.

Ministr Warank,  dünýäniň çar tarapyndan Ýakyn Gündogardan, Orta Aziýadan we Ýeropadan birnäçe ýurduň Togg-yň satuwy bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny ýatlatdy.

“Watan” gazeti, “Germaniýa eksportda uly rol oýnady” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Germaniýa eden eksportynyň geçen ýyl 18 milliad 910 million dollara barabar bolandygyny ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti, “Göbeklidepä gelýän syýahatçylaryň sany artdy” söz başyly habarynda, Şanlyurfada 12 müň ýyllyk geçmişi bilen “taryhyň başlangyjy” hökmünde häsiýetlendirlen we BMG-nyň, Bilim we medeniýet düzümi ÝUNESKO-nyň Dünýäniň medeni miras sanawynda ýer alýan Göbeklidepä 2022-nj ýylda 850 müň adamyň gelendigini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti, “Konkide typýan milli türgen Muhammed Bozdag, Wengriýada ikinji boldy” söz başyly habarynda, Wengriýada geçirlen Konkide typmak bäsleşiginde milli türgen Muhammed Bozdagyň ikinji orny eýeländigini we kümüş medalyň eýesi bolandygyny habar berýär.

 

 



Degişli Habarlar