Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertininiň ileri tutulýan ugurlary bilen  bagly habarlara giň orun berýärler.

1926322
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Akar Gresiýa reaksiýa bildirdi: Ýalňyş hasap Ankarada yza dolanar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Gresiýanyň öz ýalňyşlyklarynyň üstüni ýapmak üçin Türkiýäni “ekspansionizm, özgerlişikçi syýasatlar” ýaly hakykata bap gelmeýän zatlar günäkärländigini aýdandygyny ýazýar. Gresiýany Egeý we Ortaýer deňizlerinde bir taraply başlangyçlary etmezlige çagyran Akar; Ýalňyş hasap Ankarada yza dolanar” diýdi.

“Star” gazeti “Altun: Global derejeli bökdençlikleri ortadan aýyrmagyň wagty geldi” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň Başlygy Fahrettin Altunuň Türkiýede jemgyýetçilik adalat boýunça iňňän möhüm başlangyçlaryň edilendigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “İndi nobat global derejedäki adalatsyzlygy, şol adalatsyzlygyň aňyrsyndaky ulgamy ortadan aýyrmagyň wagty geldi” diýen Altun; “Bu sepgitde göreşimiz indi halkara-global adalat ugrunda bolar” diýdi.

“Watan” gazeti “Ministr Nebatiniň “Türkiýe Asyry” boýunça ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň sosial media hasabyndan “Türkiýe Asyry” temaly wideo rolik paýlaşandygyny mälim edýär. Ministr Nebati habarnamasynda; “Dekabr aýynda-da ýokary depginde işläp, ýurdumyz we milletimiz üçin tagallamyzy dowam etdirdik. Ýurdumyzy “Türkiýe Asyryna” taýýarlamak üçin gije-gündiz işläp, maksatlarmyza ýeke-ýekeden ýeteris” diýip ýazdy.

“Hürriýet” gazeti “Terrordan saplanan Gabardan ykdysadyýete uly goşant” söz başyly habarynda, Türkiýede soňky döwürde tebigy gaz we nebit açyşlarynyň edilýändigine ünsleri çekýär. Ekstremist terror guramasy PKK-dan saplanan Şyrnak welaýatynyň Gabar zolagyndan çykarylýan nebitiň ykdysadyýete uly goşant goşýar. Şyrnakda nebit gözleg işleri dowam edýär. Sebitden günde 25 müň barrel nebit çykarmak üçin taýýarlyklar dowam edýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýe energetikada merkez bolar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň halkara tebigy gaz göteriji turba geçirijileri, suwklandyrylan tebigy gaz beketleri, ýerasty tebigy gaz ammarlaýyş desgalary bilen energetikada üpjünçilik howpsuzlygyny ýola goýýan bolsa, Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli gaz üpjünçiliginde kynçylyk çekýän Ýewropanyň bu meselesini çözmek üçin möhüm pozisiýa eýelejekdigini ýazýar. Azerbaýjandan soň türkmen gazynyň hem ilki Türkiýe, soň Ýewropa akdyrylmagy üçin taýýarlyklar dowam edýän bolsa, rus gazynyň Ýewropa akdyrylmagy nazarda tutulýar.



Degişli Habarlar