Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1919003
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan: Türkmen gazy üçin işe girişeliň” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Awazada Türkmenistan-Azerbaýjan-Türkiýe Döwlet Ýolbaşçylarynyň 1-nji Sammitinde beýanat berendigini ýazýar. Erdogan Azerbaýjanyň Prezidenti İlham Aliýew we Türkmenistanyň döwlet Ýolbaşçysy Serdar Berdimuhamedow bilen bilelikdäki jarnama gol çekdi. Erdogan “Türkmen tebigy gazynyň günbataryň bazarlaryna akdyrylmagy üçin bilelikde işleşeliň” diýdi.

“Star” gazeti “Çawuşogly Ermenistana çagyryş etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Türkiýäniň Ermenistan bilen ýörite wekiller arkaly gepleşikleri dowam etdirýändigini nygtap; “Utgaşykly ýagdaýda howa giňişligimizi açmak boýunça awia ýük gatnawy bilen bagly käbir başlangyçlary etdik. Ermenistan içgin çemeleşmeli” diýdi.

“Sabah” gazeti “Gyzylalma ilkinji uçuşyny amala aşyrdy” söz başyly habarynda, uçarmansyz harby uçar “Baýraktar Gyzylalmanyň” ilkinji uçuşyny amala aşyrandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Türk awiasiýasynyň taryhy gününden käbir wideo ýazgylar ýaýradyldy. “Baýkar” firmasynyň ýolbaşçysy Haluk Baýraktar “2021-nji ýylda başlan “Gyzylalma” taslamasynda ilkinji uçuşymyzy 1 ýylda tamamladyk” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Wol Strit Jornal” Türkiýäniň ykdysady modelini öwdi” söz başyly habarynda, gazetiň analiz makalasynda Prezident Erdoganyň adalaty bolmadyk syýasatlarynyň 2023-nji ýylda hasam ýeňilleşmegine garaşylýan makroykdysady şertler tarapyndan hem tassyklanjakdygyna üns çekilýändigini ýazýar. Analizde “hojalyklar Türk lirasyna dolanýar” diýilýär.

“Haber Türk” gazeti “Nemes žurnaly: Hormatly dynç alyşdakylaryň saýlama şäheri Adana” söz başyly habarynda, Germaniýada çap edilýän “Fokus” žurnalynyň dünýäniň dürli ýurtlaryndan 799 şäherde geçiren barlagynda hormatly dynç alyşa çykandan soň ýaşamak üçin amatly bolan 10 şäheriň hatarynda Türkiýäniň Adana şäheriniň 6-njy orny eýeländigini mälim edýär. Şäheriň saglyk üpjünçiligi, howpsuzlygy, howasy, ulag-gatnaw tory sanawdaky ornunyň kesgitlenmeginde esasy faktorlar boldy.



Degişli Habarlar