Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1918538
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti, Erdogan “Bu işiň salgysy we wagty belli bolmaz” söz başyly habarynda, Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň lideriniň gatnaşmagynda geçiriljek liderler sammitine gatnaşmak üçin Türkmenistana giden Prezident Erdoganyň, saparyndan öň beren beýannamasynda, Siriýanyň demirgazagyna guraljak operasiýa hakynda maglumat berendigini mälim edýär.

Prezident Erdogan “Hemişe nygtaýşymyz ýaly bu işiň salgysy we wagty belli bolmaz. Serhetden günorta tarapdan 30 kilometrlik zolagy terrordan saplamak isleýäris. Operasiýa üçin hiç kimden rugsat soramarys” diýdi.

“Habertürk” gazeti, “Çawuşogly, Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda çykyş etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Türkmenistanyň Awaza şäherinde geçirlen Türkiýäniň-Azerbaýjanyň we Türkmenistanyň Daşary işler ministrleriniň maslahatynda eden çykyşynda, Türki dünýäniň arasyndaky özara gatnaşyklary hem Türki döwletler guramasynyň hem-de ikitaraply, üçtaraply we dörttaraply mehanizmler bilen güýçlendirendiklerine ünsi çekendigini ýazýar.

“Ýenişafak” gazeti “Senagat önümçiligi artdy” söz başyly habarynda, senagat önümçiliginiň indeksiniň oktýabr aýynda aýlyk 2,4, ýyllyk 2,5 göterim artandygyny habar berýär.

“Sabah” gazeti, “Togg Ýewrapa bazaryna girýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň elektrik togy bilen işleýän ilkinji ýerli awto ulagy TOGG-yň ýokary derejeli ýolbaşçysy Gürjan Karakaşyň, 2024-nji ýylyň ahyrynda Ýewropa bazaryna girmegi meýilleşdirýändikleri hakyndaky sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti, “Gündogar ekspresi saparlaryna başlady” söz başyly habarynda, dünýäniň otly bilen syýahat ediljek iň gowy 4 ugrundan biri bolan Syýahatçylyk maksatly Gündogar ekspresiniň 2022-2023 möwsüminiň ilkinji saparyna başlandygyny habar berýär.

Gündogar ekspresi 2022-2023- möwsüminde 86 sapar bilen 13 müň 760 ýolagçy gatnadar.

 

 

 



Degişli Habarlar