Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1909904
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Erdogan: Terroryň köküni guradarys" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Siriýanyň demirgazygyndaky terror guramalarynyň Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabyna garşy raketalar bilen guran hüjümleri bilen bagly, Türkiyäni harp oýunlary bilen, terror guramalarynyň atlaryny üýtgedip, ýanlarynda harbylary goýup ünsleri sowup biljekdiklerini pikir edýänler üçin ýoluň soňunyň gelendigini aýdandygyny habar berýär. Erdogan: "Serhetlerimize, raýatlarymyza garşy hüjümleriň dowam edýän ýerlerinde howpsuzlyk çyzygyny bolmaly ýerine çekmegimize hiç kim päsgel hem berip bilmez, hiç kim garşy hem çykyp bilmez" diýip nygtady. 

Hürriýet gazedi: "Ministr Soýludan nemes ministre terror bilen bagly reaksiýa" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň, terrora garşy göreşde proporsiýa barada beýanat beren Germaniýanyň Içeri işler ministri Nensi Faýzere reaksiýa bildirendigini mälim edýär. Ministr Süleýman Soýlu: "Istiklal köçesinde bigünä adamlar öldürildi. Şol adamlara hiç hili proporsiýa edilmedi. Polşa 2 sany bomba gaçdy diýip NATO aýaga galdy. Adamlar geografiýalaryna, dinlerine, ýaşaýan sebitlerine görä bölünmeli däl. Adam hukuklary dünýäniň islendik ýerinde adamlara degişlidir" diýip belledi. 

Watan gazedi: "Terrorçylykly hüjümde ýogalan 5 ýaşyndaky Hasan jaýlandy" söz başyly habarynda, Siriýanyň Aýn Al Arap sebitindäki PKK/ÝPG-e agza terrorçylaryň, Gaziantep welaýatynyň Karkamyş etrabyndaky mekdeplere garşy raketalar bilen guran hüjümlerinde şehit bolan 5 ýaşyndaky Hasan Karataşyň göz ýaşlary bilen jaýlanandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. PKK/ÝPG-niň mekdebe guran hüjüminde şehit bolan mugallym Aýşenur Alkan hem jaýlandy. 

Ýeni Şafak gazedi: "Russiýa: Operasiýa Türkiyäniň kanuny haky" söz başyly habarynda, Russiýanyň hökümetiniň metbugat geňeşçisi Dmitriý Peskowyň, Türkyäniň Siriýanyň we Yragyň demirgazygynda geçirýän terrorçylykly operasiýalar bilen baglanşykly: "Türkiyäniň Siriýa bilen bagly aladalaryna göz ýetirýäris. Onuň Türkiyäniň kanuny hakydygyna ynanýarys" diýip belledi. 

Star gazedi: "Marokkonyň Şasy VI Muhammetden Türkiyä minnetdarlyk" söz başyly habarynda, Marokkonyň Şasy VI Muhammediň: "Medeniýetler alýansy forumynyň dowamlylygynyň üpjün edilmegi bilen şol forumyň medeniýetlerarasy, dinlerarasy düşünje, ynam we diýalog üçin bir salgylanma hökmünde guramalaşmagy işinde Türkiye we Ispaniýa başda bolmak bilen zähmet çeken ähli taraplara uly hormat bilen minnetdarlyk bildirýäris" diýendigini beýan edýär. 


Etiketkalar: #metbugat , #habar , #gazet

Degişli Habarlar