Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

1899676
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti, “Türkiýäniň galla geçelgesi baradaky beýanaty” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministrligi, Russiýanyň Siwastopoldaky hüjümleri sebäpli galla ylalaşygynyň wagtlaýyn saklanandygyny mälim edendigini ýazýar.

Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannamada “Galla ýüklenen gämileriň Ukrainanyň portlaryndan çykmagy saklandy. Stambulda garaşýan gämileriň barlanmagy işleri dowam edýär. Stambul şäherindäki utgaşyklyk merkezinde işleýän rus hünärmenler hem öz işini dowam etdirer” diýildi.

“Star” gazeti “Iň ynamdar ýol Türkiýe” söz başyly habarynda, Gazna we maliýe ministri Nureddin Nebatiniň, Türkiýäniň geografik ýerleşişi sebäpli Russiýadan, Eýrandan we Saud Arabystanyndan geljek energetika üçin amatly koridordygyny nygtap “Nebit-gaz has amatly nyrhdan we howpsyz ýagdaýda akdyrlar” diýdi.

“Sabah” gazeti “Başarjaň Türkler” söz başyly habarynda 29-njy oktýabrda Bursada açylan Türkiýäniň ilkinji ýerli awtoulagy Togg hakyndaky habarlaryň dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeländigini ýazýar.

Daşary ýurtly habarlar beriş serişdelerinde berlen habarlarda esasan Prezident R. T. Erdoganyň “Başarjan Türkler” diýen sözlerine ýer berildi.

“Hürriýet” gazeti, “Togg dünýä metbygatynda” söz başyly habarynda, daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň Türkiýäniň ilkinji ýerli awtoulagy Togg hakyndaky habarlara giňişleýin orun berendigini nygtaýar.

“Bloomberg” mesele hakyndaky habaryny “Erdogan elektrik togy bilen işleýän Türkiýäniň ilkinji awtoulagyny tanyşdyrdy” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirdi.

Germaniýanyň “Doçe Welle” radiosy “Türkiýe Togg bilen taryh ýazýar” söz başysyny saýlap aldy.

“Watan” gazeti “Toggda Türkiýäniň reňkleri” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji ýerli awtoulagy Toggyň haýsy reňklerde öndüriljekdiginiň belli bolandygyny habar berýär.

Toggdan berlen beýannamada “Gemligiň zeýtun agaçlarynyň kölegesindäki gök suwlary, Anadolynyň mahirliligini wasp edýän gyzyly, Oltu daşynyň gözüňi gamaşdyrýan garasyny, Kulanyň tebigy gurluşyny, eňňitlerini we jülgelerini, millionlarça ýyllyk geçmişini biziň günlerimize çenli alyp gelen çal reňkiň öwüşginini, Kappadokiýanyň tebigy gözellikllerini, tebigatyň gudratynyň açyk goňur reňkini, Pammukgalanyň trawertinleriniň gözüňi gamaşdyrýan ak reňkini J-SUW-yň reňkleri bilen birleşdirdik” diýildi.



Degişli Habarlar