Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1888994
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Ykdysady ösüşde dünýäde ilkinjileriň hatarynda durýarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlis toparynyň maslahatynda; “Pandemiýa boldy, önümçilige arakesme bermedik. Ösüşi dowam etdirdik. Dünýäde ilkinji hatarlarda orun eýeledik. Ençeme ýurtda resessiýa, aşaklama diskussiýalary dowam edýän bolsa, halkara guramalary ýurdumyz boýunça ösüş çaklamalaryny ýokarlandyrýar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Ýadro gollanmalarda peýdalanylar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýerli bor karbýuryny ýadro gollanmalarynda peudalanjakdygyny ýazýar. Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmez bor karbýury desgasynyň 2022-nji ýylyň ahyrynda ulanmaga beriljekdigini beýan etdi.

“Haber Türk” gazeti “Oba hojalyk pudagy 9 aýlyk eksportunyň rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, oba hojalyk pudagynyň 9 aýlyk eksportuny 24,5 milliard dollara ýetirip, ýanwar-sentýabr aýlarynyň aralygynda taryhy rekorda eýe bolandygyny mälim edýär. Türkiýäniň oba hojalyk önümleriniň eksporty ýylyň dokuz aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 18,6 göterim artdy.

“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menzili “dünýäniň iň gowy howa menzili “saýlandy” söz başyly habarynda, dünýäniň belli syýahatçylyk žurnallaryndan biri nolan “Kond Nast Traweler” žurnalynyň geçiren sowalnamasynda Stambul howa menziliniň Singapurdan we Günorta Koreýadan öňe geçip, “dünýäniň iň gowy howa menzili” saýlandy.

“Sabah” gazeti “Kappadokiýada 508 müň syýahatçy sebite gök asmandan syn etdi” söz başyly habarynda, taryhy, tebigy, medeni baýlyklary we dürli syýahatçylyk çäreleri bilen Türkiýäniň saýlama syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kappadokiýada ýylyň 9 aýynda 508,181 syýahatçynyň ýyly howa şary bilen gezelenje gatnaşandygyny ýazýar.



Degişli Habarlar