Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1879140
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Gelejegimizi taryhyna buýsanýan ýaşlara amanat goýmak isleýäris" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, düýn 2022-2023-nji täze okuw ýylynyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda: "Akyly we ýüregi boş gezip ýören ýaşlary däl, eýsem ylym, pikir we ahlaga eýe bolan ýaşlary isleýäris. Gelejegimizi öz döwletine kine bilen, ýigrenç bilen, öýke bilen garaýan däl, taryhyna buýsanýan ýaşlara amanat goýmak isleýäris" diýendigini habar berýär. 

Haber Türk gazedi: "Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly Gresiýa duýduryş berdi" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýanyň soňky günlerdäki çemeleşmesini: "Grekler häzirki wagtda hem bizi öjükdirmäge dowam edýär. Başgalarynyň hasabyna oýun oýnasaňyz jerimesini çekmeli bolarsyňyz. Bu Gresiýa duýduryşdyr" diýendigini mälim edýär. 

Sabah gazedi: "Ministr Akar Penje-Gulp bilen bagly beýanat berdi" söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, Yragyň demirgazygynda dowam edýän Penje-Gulp operasiýasynda häzirki wagta çenli 371 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýan etdi. 

Ýeni Şafak gazedi: "Goranyş senagatynyň eksporty rekorda tarap barýar" söz başyly habarynda, Goranmak we awiasiýa pudagynyň 2022-nji ýylda rekorda tarap barýandygyny beýan edýär. Şu ýylyň ilkinji 9 aýynyň jemleri boýunça pudagyň eksporty 2021-nji ýylyň şol döwri bilen deňeşdirilende 42,2 göterimlik artyş bilen 2 milliard 636 million dollara ýetdi. 

Star gazedi: "Iýul aýynyň işsizlik görkezijileri aýan edildi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň işsizlik görkezijileri iýul aýynda iýun aýyna garanyňda 0,3 göterimlik azalyş bilen 10,1 göterime çenli aşaklandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar