Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1878604
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan Pakistanyň Premýer ministri Şerif bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Pakistanyň Premýer ministri Şahbaz Şerif bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny habar berýär. Telefon söhbetdeşliginde Prezident Erdogan, Pakistanyň sil apatyna garşy göreşine ýakyndan gözegçilik edýändiklerini, gerek bolan goldawy bermek üçin Türkiýe hökmünde herekede geçendiklerini aýan etdi. Erdogan Pakistanyň ýaralaryna melhem bolmak üçin ellerinden gelen kömegi bermäge dowam etjekdiklerini mälim etdi. 

Sabah gazedi: "Misotakis umyt bilen Erdogana garaşýar" söz başyly habarynda, Bozjaada adasynyň suw giňişliginde gämä od açylmagy we NATO wezipesini ýerine ýetiren türk F-16 uçarlaryna radar gulpunyň edilmeginden soň, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky ýagdaýyň has hem dartygnalaşandygyny beýan edýär. Birnäçe gün ozal beren beýanaty bilen ýagdaýy has hem dartgynlaşdyran Gresiýanyň Premýer ministri Kirýakos Misotakis indi bolsa reaktiw tizligi bilen yza ädim etdi. Misotakis Prezident Rejep Taýýip Erdogan bilen duşuşyk geçirmäge taýardygyny habar berdi. 

Watan gazedi: "Gara deňiziň gazy ýakyn wagtda öýlerde ulanylar" söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, Gara deňizde tapylan 540 milliard kub metrlik gazy 2023-nji ýylyň ilkinji çärýeginde öýlere ugratma başlamagy maksat edinýändiklerini belläp: "Häzirki wagtda hem deňizde hem-de gury ýerde operasiýalarymyz hiç hili päsgelçiliksiz dowam edýär. Nesip bolsa öňümizdäki ýyl Türkiýe Gara deňiziň gazyny ulanmaga başlar" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. 

Star gazedi: "Täjigistan Türkiýäniň tejribesinden peýdalanmak isleýär" söz başyly habarynda, Täjigistanyň Senagat we täze tehnologiýalar ministri Şerali Kabir, Türkiýe bilen maýa goýumlary "girdeji al-girdeji al" ýörelgesine laýyklykda ýola goýmak isleýändiklerini belläp, ýurdundaky mümkinçilikleriň türk maýadarlara açykdygyny aýdandygyny mälim edýär. Kabir: "Ykdysadyýet başda bolmak bilen ençeme ugur boýunça Türkiýäniň tejribesinden peýdalanmak isleýäris" diýip belledi.  

Haber Türk gazedi: "Şa zenany Ýelizawetanyň jynaza çäresi üçin Türkiýeden 1,5 million düýp gwozdika" söz başyly habarynda, Beýik Britaniýanyň Şe zenany Ýelizawetanyň jynaza çäresinde ulanmak maksady bilen Antalýa we Ysparta welaýatlarynda gül talabynyň 90 göterim artandygyny mälim edýär. Jynaza çäresi üçin jemi 1,5 million düýp gwozdika eksporty başlady. Gül pudagynda gündelik iş sagatlary 2 sagat, işgärleriň sany bolsa 50 göterim artdyryldy. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar