Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1832659
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Kalyn: Anyk başlangyçlar edilmese tapgyr dowam etmez” söz başyly habarynda, Finlandiýanyň we Şwesiýanyň wekiliýetleri bilen geçirilen duşuşyklar hakynda beýannama beren Prezidentiniň Diwanynyň Metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň “Türkiýäniň howpsuzlyk boýunça aladalary anyk başlangyçlar bilen bellenen tertipde ortadan aýrylmasa, tapgyryň dowam etmejekdigini aç-açan beýan etdik” diýendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Ysraýyla ilçi bellenermi?” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglunyň 15 ýyl soň Ysraýyla guralan resmi sapardan soň ilçi bellemek hakynda “Ysraýyl bilen ikitaraply ilçi bellemek meselesini Lapidiň Türkiýä saparynyň dowamynda seljermek boýunça netijä geldik” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Warank: Ýewropada 1-nji orunda durýarys” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň Türkiýäniň polat öndürijileriniň guramasynyň nobatdaky sessiýasynda eden çykyşynda “Türkiýe şu günki günde 40 million tonna polat önümçiligi bilen Ýewropada 1-nji, dünýäde 7-nji orunda durýar” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýewropaly şypany Türkiýeden gözleýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň saglyk syýahatçylygynda esasy merkeze öwrülendigini ýazýar. Geçen ýyl 642 müň adam şypany Türkiýeden gözlän bolsa, şonuň 400 müňüniň ýewropaly bolmagy ünsleri çekýär. Türkiýe geçen ýyl saglyk syýahatçylygyndan 1 milliard dollardan gowrak girdeji almagyň hötdesinden geldi.

“Watan” gazeti “Türkiýede maýmyn mama keseli barmy?” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Mustafa Kojanyň Türkiýede maýmyn mama keselesiniň görülmändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ministr Koja “Ýerliksiz alada döredilmeli däl. Hassalygyň pandemiýa sebäp boljakdygyny pikir edemok” diýdi.



Degişli Habarlar