Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1810264
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Prezident Erdogan Karl Nehammer bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda Prezident R.T.Erdoganyň düýn Awstriýanyň Premýer-ministri Karl Nehammer bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Awstriýa gatnaşyklary we Russiýa-Ukraina söweşi bilen bilelikde sebitleýin meseleler hakynda pikir alyşyldy.

“Star” gazeti “Çawuşogly azerbaýjanly we türkmen kardeşleri bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Azerbaýjanyň Daşary işler ministri Jeýhun Baýramow we Türkmenstanyň Daşary işler ministri Raşit Meredow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Azerbaýjan-Türkmenistan üçtaraplaýyn gatnaşyklar hakynda pikir alyşyldy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Bingölde terror operasiýasy” söz başyly habarynda, Bingöl welaýatynyň Genç etrabynda ekstremist terror guramasy PKK garşy “Eren Gyş-6” operasiýasynda terrorçylar tarapyndan ulanylýan 6 otagly gaçybatalganyň we goşlaryň ýok edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň eksporty artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň eksportunyň üstümizdäki ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda 20,8 göterim artyp, 60,28 milliard dollara ýetendigini mälim edýär.

“Haber Türk” gazeti “Fenerbahçe Ýewropada ikinji orny eýeledi” söz başyly habarynda, Fenerbahçe Safiport komandasynyň FİBA-nyň Zenanlaryň Ýewropa ligasynyn finalynda Sopron Basketden 60-55 hasabynda utulyp, ikinji orny eýeländigini ýazýar.



Degişli Habarlar