Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1805447
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar. Telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetleriniň Stambulda geçirýän gepleşikleri hakynda pikir alyşyldy. Erdogan telefon söhbetdeşliginde Zelenskiý bilen Russiýanyň döwlet Ýolbaşçysy Wladimir Putin sammiti üçin ýer eýeçiligini etmek boýunça teklibini ýene-de bir gezek beýan etdi.

“Sabah” gazeti “Çawuşoglyndan “Ukraina hemaýatkärlik teklibi” hakynda beýanat” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Ukrainanyň Türkiyäni hemaýatkär ýurtlaryň hatarynda görkezmegine we onuň Russiýa tarapyndan hem kabul edilmegine ünsleri çekip; “Russiýanyň hem ony kabul etmeginiň sebäbi başyndan bäri bu gepleşik tapgyrynda-da ýygy-ýygydan beýan edişimiz ýaly iki ýurduň hem Türkiyä ynanmagy. Türkiyäni obýektiw, deňagramly, oňyn we parahatçylyk isleýän ýurt hökmünde kabul etmekleri” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Rumyn ministriniň Türkiye hakyndaky öwgüli sözleri” söz başyly habarynda, Rumyniýanyň Ulaglar we infrastruktura ministri Grindeanunyň Türkiyäniň diplomatik tagallalarynyň netijesinde Russiýanyň we Ukrainanyň gepleşik toparynyň Stambulda duşuşmaklary hakynda; “Türkiyäniň soňky günlerde bize ýakyn sebitde dowam edýän söweşiň bes edilmegi ugrunda alyp barýan tagallasynyň möhüm we ýerliklidigini aýdasym gelýär” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Eksportuň görkezijileri çap edildi” söz başyly habarynda, Türkiyäniň eksportunyň fewral aýynda geçen ýylyň degişli döwrüne görä 25,4 göterim artyp, 20,04 milliard dollara, importunyň bolsa 44,5 göterim artyp, 27,8 milliard dollara barabar bolandygyny ýazýar.

“Star” gazeti “Ewin Demirhan Ýawuz Ýewropa çempiony boldy” söz başyly habarynda, türk milli türgeni Ewin Demirhan Ýawuzyň Wengeriýada geçirilen Ýewropanyň göreş çempionatynda zenanlaryň arasynda 50 kilogram toparda altyn medal alyp, çempion bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.



Degişli Habarlar