Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1804800
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Ýeni Şafak gazedi: "Stambulda edilen ädimler meýdanda öz beýanyny tapdy" söz başyly habarynda, Birnäçe gün ozal Türkiyede geçirilen Russiýa-Ukraina gepleşiklerinden oňyn kararlar alynmak bilen birlikde, Russiýa Ukrainada käbir sebitlerdäki harby barlygyny yza çekmek barada karar kabul edendigini habar berýär. Çernobyldaky goşunyny yzyna çeken resmi Moskwa asuda ilatyň ewakuasiýasy üçin bolsa Mariupol şäherinde od açmazlyk barada ylalaşyk yglan etdi. 

Hürriýet gazedi: "Lawrowdan umytlandyryjy ýüzlenme" söz başyly habarynda, Russiýanyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrowyň, Russiýa-Ukraina wekiliýetleriniň arasynda Türkiyede geçirilen gepleşikleri oňyn bir hadysa hökmünde garaýandyklaryny aýdandygyny mälim edýär. Lawrow ukrainaly wekiliýetiň ýurtlarynyň ýadrosyz statusyny we NATO-dan daşary howpsuzlygyny üpjün etjekdigini tassyklamaklarynyň möhüm bir hadysadygyny beýan etdi. 

Star gazedi: "BMG-dan Türkiye Respublikasyna minnetdarlyk" söz başyly habarynda, BMG-nyň Türkiye Respublikasynyň Ukraina-Russiýa söweşinde parahatçylygyň üpjün edilmegi üçin alyp barýan tagallalary sebäpli minnetdarlyk bildirendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. BMG-nyň Baş sekretarynyň metbugat geňeşçisi Stefan Dýužžarik, söweşiň bes edilmegi üçin geçirilýän gepleşikleriň üstünlikli bolmagyny umyt edýändiklerini belläp: "Türkiye Respublikasyna tagallalary üçin örän minnetdardyrys" diýip nygtady. 

Watan gazedi: "Türkiye Respublikasynyň A400M flody tamamlandy" söz başyly habarynda, Türkiye Respublikasynyň Ýaragly güýçleriniň taktiki we transport mümkinçiliklerini artdyran A400M flodynyň tamamlanandygyny aýan edýär. Türkiye Respublikasynyň önümçilikde hyzmatdaş bolan A400M taslamasynyň çäginde öndürilen 10-nji we soňky harby ýük uçary inwentara girizildi. 

Haber Türk gazedi: "Taha Akgül 9-njy gezek Ýewropa çempiony boldy" söz başyly habarynda, Olimpiýa çempiony türk milli göreşiji Taha Akgüliň Wengriýada geçirilen Ýewropa çempionatynda 125 kg agyrlygynda, gruziýaly bäsdeşi Geno Petriaşwilini 5-2 hasabynda ýeňip, Ýewropanyň çempiony bolandygyny beýan edýär. 


Etiketkalar: #Türkiye , #habar , #metbugat , #gazet

Degişli Habarlar