Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler

1792983
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Türkiýe-Ysraýyl gatnaşyklarynda taryhy pursat" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Yraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen geçiren umumy metbugat ýygnagynda: "Bu duşuşyk ikitaraplaýyn gatnaşyklar taýdan öwrülişik nokady" diýendigini habar berýär. Sebitde başdan geçirilýänleriň energetika howpsuzlygynyň ähmiýedini ýüze çykarandygyny aýdan Erdogan: "Energetika ugrunda hyzmatdaşlygy ýaňadandan ýola goýmak üçin taryhy bir pursatdyr" diýip nygtady. 

Ýeni Şafak gazedi: "Erdogan: Aksa metjidiniň dini statusyna berýän ähmiýedimizi nygtap geçdik" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Yraýylyň Prezidenti Ishak Gersog bilen geçiren duşuşygynda, Türkiýäniň Palestina meselesindäki duýgurlygyny belläp geçendiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Erdogan: "Sebitdäki dartgynlygyň azaldylmagyna, iki döwletli çözgüt maksatnamasyna berýän ähmiýedimizi nygtadyk. Aksa metjidiniň dini statusyna, mukaddesligine berýän ähmiýedimizi nygtap geçdik" diýip mälim etdi. 

Hürriýet gazedi: "Erdogan, Lýaýen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti R. T. Erdoganyň, ÝB Komissiýasynyň başlygy Ursula fon der Laýen bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini beýan edýär. Erdogan bilen Laýen telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň 24-nji fewraldan bäri Ukraina garşy guraýan hüjümleri we Türkiýe bilen ÝB-niň arasyndaky gatnaşyklar hakynda pikir alyşdy.

Star gazedi: "Nigeriýadan Türkiýä nebit we tebigy gaz bilen bagly teklip" söz başyly habarynda, Nigeriýanyň nebit çeşmelerinden jogapkär döwlet ministri Timipre Silwanyň, Türkiýäniň ýurdundaky gury ýerdäki uly nebit we tebigy gaz gorlaryna maýa goýmak barada teklip hödürländigini aýan edýär. Timipre Silwa Nigeriýanyň uglewodorod pudagynda türk maýa goýumlaryna açykdygyny beýan etdi. 

Sabah gazedi: "Russiýa-Ukraina söweşi sebäpli ykdysady çäreler görülýär" söz başyly habarynda, Prezidentiň kompleksinde geçirilen Ykdysady koordinasiýa geňeşiniň maslahatynda, Russiýa bilen Ukrainanyň arasynda dowam edýän söweşiň ykdysadyýete ýetirýän ýaramaz täsirini azaltmak üçin görüljek çäreleriň maslahatlaşylandygyny habar berýär. 


Etiketkalar: #Türkiýe , #habar , #gazet

Degişli Habarlar