Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1789626
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Erdogan: Türkiýe güýçli bolmaga mejbur” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň syýasay, ykdysadyýeti, harby goşunlary, jemgyýetçilik gurluşy bilen güýçli bolmaga mejburdygyny aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Sebitimizde haýsydyr bir wakanyň, haýsydyr bir çökgünligiň Türkiýeden garaşsyz däldigi inkär edilmejek hakykatdyr” diýdi. Erdogan Russiýa-Ukraina söweşini mysal getirip; “Bulardan netije çykaryp, ýolumyza dowam ederis” frazasyny ulandy.

“Hürriýet” gazeti “Çawuşogly; “Ynsanperwer koridor açmak hakyndaky karardan hoşal” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Ukrainanyň Daşary işler ministri Dmytro Kuleba bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär. Telefon söhbetdeşliginde Ukrainadaky aktual meseleler hakynda pikir alyşyldy. Çawuşogly Russiýanyň we Ukrainanyň wekiliýetiniň asuda ilatyň ewakuasiýasy üçin sebitleýin derejede hem bolsa, gumanitar koridor açmak hakynda ylalaşyk gazanmagyna kanagatlanma bildirdi. Çawuşogly şol koridoryň bir tarapdan ilaty halas etmäge şert döredýän bolsa, beýleki tarapdan-da ynsanperwer kömegiň ýetirilmegini ýeňilleşdirjekdigini beýan etdi.

“Haber Türk” gazeti “Kalyn: Söweş şertlerinde-de öte geçmäliň” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwanynyň metbugat Sekretary İbrahim Kalynyň Twitter hasabyndan beren habarnamasynda, rus halkyny we medeniýetini kemsitezden Russiýanyň ýalňş syýasatlaryny tankyt etmegiň, hiç kimiň meçew bermesine aldanman Ukrainanyň özygtyýarlylyk hukuklaryny we garaşsyzlygyny goramagyň mümkindigini beýan edendigini ýazýar. Kalyn: “Söweş şertlerinde-de öte geçmäliň” diýdi.

“Sabah” gazeti “İki tarap bilen hem aragatnaşyk saklaýan ýeke-täk ýurt Türkiýe” söz başyly habarynda, Baş ştabyň Howpsuzlyk departamentiniň ozalky başlygy hormatly dynç alyşdaky korpus generaly İsmail Hakky Pekiniň Türkiýäniň Russiýa we Ukraina bilen aragatnaşygy dowame tdirýän ýeke-täk ýurt bolmagynyň möhümdigine ünsi çekip; “Türkiýäniň iki tarapyň arasyndaky strategik ähmiýeti uly. Dartgynlygyň azaldylmagynda uly jogapkärçiligimiz bolar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Pekin, Türkiýäniň howa giňişliginden başga ähli howa giňişlikleriniň Russiýa ýapyk bolmagynyň hem gepleşikler üçin Türkiýäni öňe saýlap biljekdigini aýtdy.

“Star” gazeti “Liwiýa Türkiýä sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Liwiýanyň Misrata şäherinde täimlerini tamamlan harby talyplaryň dabara bilen uçurum bolandygyny ýazýar. 53-nji pyýada korpusyň düşelgesinde geçirilen dabarada uçurym bolan esgerleriň ýany bilen tanklar we türk önümi bolan Kirpi bilen birlikde harby ulaglaryň parady guraldy. Liwiýanyň Baş ştabynyň Başlygy general Muhammed Ali Haddad esgerleriň tälim almagynda özlerine goldaw beren Türkiýä sagbolsun aýtdy.



Degişli Habarlar