Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär

1783587
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Watan gazedi: "Erdogan Russiýanyň kararyny kabul edilmesiz hökmünde häsýetlendirýäris" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Russiýanyň Donetsk we Lugansk Respublikalarynyň Garaşsyzlyklaryny ykrar etmek baradaky kararynyň Ukrainanyň territorial bütewiliginiň açyk ýagdaýdaky düzgün bozmasydygyny aýdandygyny beýan edýär. Mesele bilen bagly beýanaty Afrika ýurtlaryna guran saparynda beren Erdogan: "Biz Russiýanyň kararyny kabul edilmesiz hökmünde häsýetlendirýäris" diýip belledi. 

Haber Türk gazedi: "Erdogan Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň Ukrainanyň Döwlet baştutany Wladimir Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeş bolandygyny mälim edýär. Erdogan-Zelenskiý telefon söhbetdeşliginde Russiýanyň Donbassdaky Respublikalary ykrar etmek baradaky kararynyň üstünde durulyp geçildi. Erdogan telefon söhbetdeşliginde Ukrainanyň territorial bütewiligini nyşana alan islendik karara garşydyklaryny beýan etdi. 

Hürriýet gazedi: "Türk kärhanasy tarapyndan gurulan stadion Senegalda açyldy" söz başyly habarynda, Senegal döwletinde türk kärhanalary tarapyndan gurulan 50 müň adamlyk Senegal Stadionynyň, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň hem gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen açylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. FIFA-nyň başlygy Janni Infantino stadiony guran kärhananyň resmileri türk dilinde sag bolsun aýtdy. 

Star gazedi: "Gazagystan: Türkiýe hemişe ýanymyzda boldy" söz başyly habarynda, Gazagystanyň Stambul şäherindäki Baş konsuly Alim Baýeliň: "Türkiýe bilen 1991-nji ýyldan bäri ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyz örän güýçli ýagdaýda dowam edýär. Türkiýe hemişe ýanymyzda boldy. Mundan soň hem hemişe ýanymyzda bolmaga dowam eder" diýendigini aýan edýär. Baýel: "Esasan hem soňky ýyllarda transport, medeniýet, bilim, ykdysadyýet, howpsuzlyk ýaly ugurlarda hyzmatdaşlygymyz has hem özgerdi" diýip nygtady. 

Ýeni Şafak gazedi: "Hürkuşyň täze harby görnüşi gelýär" söz başyly habarynda, tälim uçary Hürkuşyň täze harby görnüşiniň Görnüş şahadatnamalandyrma işleriniň tamamlanandygyny beýan edýär. Ähli işleriň tamamlanandygyny beýan edýän Görnüş şahadatnamalandyrmasy tassyklandy, 540 sagat uçuş amala aşyryldy. 


Etiketkalar: #habar , #gazet , #metbugat

Degişli Habarlar