Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gündelik gazetler ýurduň we dünýäniň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary bilen bagly habarlara giň orun berýärler.

1781997
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Ministr Akaryň beýanaty” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Ukraina-Russiýa meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny aýdandygyny ýazýar. Ministr Akar; “Harby hereketliligiň käbir täsirleri bar. Bu meselede metbugatda çykan habarlar bar. Olar ünslülik bilen seljerilmeli” diýdi.

“Star” gazeti “Zelenskiý Türkiýäniň hem gatnaşmagyny isledi” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Prezidenti Wladimiz Zelenskiýniň; “Golaýda Ýewropadaky howpsuzlyk meselelerini ara alyp maslahatlaşmak üçin Ukrainanyň, Germaniýanyň we Türkiýäniň gatnaşmagynda BMG-niň Howpsuzlyk genşiniň agzalarynyň sammit geçirmegini teklip edýärin” diýen sözlerini çap edýär.

“Watan” gazeti “Ersin Tatar grek bölegine reaksiýa bildirdi: Bu asla kabul edilmez” söz başyly habarynda, düýn teleýaýlymlardan birinde çykyş eden Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň adada dini ruhanylara ýarag täliminiň berilmegi sebäpli ýüze çykan adartgynlyk hakynda; “Bu asla kabul edilmez. Ony ýüze çykarmagymyz ýerlikli boldy” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ministr Dönmeziň taryhy beýanaty: 10 milliard m3-a ýeter” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Siliwri we Tuz köli ýerasty tebigy gaz ammarlaýyş desgalarynyň mümkinçiliginiň artdyrylmagy boýunça alynyp barylýan işleriň gutarmagyndan soň geljek ýyl desganyň jemi mümkinçiliginiň 10 milliard m3-a ýetjekdigini aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Hisar goranyş ulgamynyň ukyby giňeldildi” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsmail Demiriň düýn sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “HİSAR 2022-nji ýyla ýokary depginde başlady! HİSARO+ Ulgamynyň ilkinji radio tolkunyny gözleýiji uçly synag raketasy nyşanany doly derbi dagyn etdi we howa goranyşymyzyň ukyby artdyryldy” diýip ýazdy.



Degişli Habarlar